Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täze Zelandiýada metjitdäki gyrgynçylykda aýyplanýan aklawçydan ýüz öwürdi

Täze Zelandiýada metjide hüjüm edip, adamlary oka tutmakda günälenýän 28 ýaşly awstraliýaly aklawçydan ýüz öwrüp, özi özüni gorajagyny aýdypdyr. Bu barada onuň aklawçysy habar berýär.


Deslapky sud diňlenişiginde Brenton Tarranta wekilçilik eden Riçard Petersyň 18-nji martda AFP habar agentligine aýtmagyna görä, ol "aklawçy islemeýändigini mälim edipdir".


15-nji martda Kraýstçörç (Christchurch) şäherinde metjitde oka tutulan 50 adam wepat boldy we 40 çemesi ýaralandy.


16-njy martda şäheriň etrap sudunda geçirilen diňlenişikde Tarranta adam öldürmek bilen bagly bir günä bildirildi, emma sudýa ýene başga aýyplamalaryň öňe sürüljegini aýtdy.


Tarrantyň ok atyşykdan öň musulmanlara garşy çagyryş ýaýradan jynsparaz ak supermatist bolmagy hasaplanýar.  


Munuň bilen bir wagtda, Täze Zelandiýanyň sudy Al Noor metjidinde bolan zorlukly ok atyşygyň wideosyny göni efirde ýaýradan 18 ýaşlyny sud etdi. Ady köpçülige mälim edilmedik adam, şeýle-de "nyşana ýetdi" diýlen ýazgy bilen metjidiň suratyny ýerleşdirmekde aýyplanýar. 


Prokurorlaryň sözlerine görä, oňa her bir aýyplama boýunça 14 ýyllyk tussaglyk garaşýar. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus