Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2023

Новости за 22.02.2023

Azathabar.com 

Baýramalyda azyk harytlary gymmatlaýar

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň gök-bakja bazarlarynda azyk önümleriniň bahalary gymmatlaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli bazarlardaky bahalary öwrendi. Tüwiniň bir kilogramy biraz öň, ýerli daýhan bazarlarynda hiline görä, 8-25 manat aralygynda bahalanýardy. Ýöne häzir tüwi ýarmasynyň 1 kilogramy 15 manatdan, Pakistanda öndürilen tüwi 20 manatdan, Gazagystan tüwüsi 30-50 manat aralygynda bahalanýar, şeýle-de Lebap welaýatynda öndürilen ýerli tüwi 22-25 manat aralygynda bahalanýar.... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklatmak meselesi agyrlaşdy

Türkiýede iş maksady bilen bolýan türkmen raýatlaryna ýaşaýyş rugsadyny almak üçin talap edilýän kagyzlary toplamak işi kynlaşdy. Wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny sorap migrasiýa gullugyna ýüz tutýan daşary ýurtlular indi ýaşaýan ýerini tassyklamak üçin kommunal töleglerini töleýändigini görkezmeli bolýarlar. Bu aralykda, Türkiýäniň Migrasiýa gullugy galplygy aradan aýyrmak üçin türkmen raýatlarynyň resminamalaryny has jikme-jik barlaýar. Migrantlaryň köpüsi elektrik, gaz we suw üçin töleg kwitansiýalaryny edinmekde kynçylyk çekýär... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenabatda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri Türkmenabat şäherinde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirýärler. Esasan býujet işgärleriniň we telekeçileriň hasabyna amal edilýän bu çäreleriň sebäpleri barada anyk bir zat aýdylmaýar. Ýöne şäher häkimligine degişli edaralaryň käbir işgärleri bu çäreleriň 21-nji martda belleniljek Nowruz baýramyna çenli dowam etjekdigini aýdýarlar. "Türkmenabatdaky arassaçylyk we abatlaýyş işleri fewral aýynyň başynda geçirilip başlandy. Bu işlere welaýat häkiminiň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Azat Adalga: Elektron hökümet hakynda

Azat Adalga kanunyň hökmürowanlygynyň we hukuk habarlylygynyň ähmiýetinden ugur alyp, Türkmenistanyň hukuk namalarynyň käbir möhüm maddalaryny üns merkezine çekmegi maksat edinýär. Bu sanymyz “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň bäş maddasyna gönükdirilýär.

Azathabar.com 

Özbegistanyň üstünden daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar köpelýär. Ýolagçylar türkmen gümrük işgärleriniň işinden nägile bolýar

Türkmenistanda goňşy Özbegistana gidip, bu ýurtdan daşary döwletlere, hususan-da Russiýa gidýän raýatlar köpelýär. Bu usuly saýlap alýan raýatlar munuň sebäplerini Özbegistanda uçar biletleriniň bahalarynyň Türkmenistandakydan iki, käte üç esse arzandygy bilen düşündirýärler. Bu aralykda, türkmenistanlylar Farap gümrük nokadyndaky we Aşgabadyň aeroportundaky tejribelerine salgylanyp, türkmen gümrük işgärleriniň ýolagçylara "gödek çemeleşmeginden" nägile bolýarlar.

Azathabar.com 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna sapar etmegine garaşylýar

Şu günler Mary welaýatynyň dürli sebitlerinde Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri köçeleriň ugrunda arassaçylyk işleriniň depginini güýçlendirýärler. Ýerli ýaşaýjylar bu çäreleri Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite amala aşyrmagyna garaşylýan sapary bilen ilteşdirýärler.

Azathabar.com 

'Türkmentelekom' Internet tizligini ýokarlandyrmagy, bahasyny arzanlatmagy wada berýär

Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri, 1-nji martdan başlap, Internet tizligini ýokarlandyrmagy, şol bir wagtda onuň nyrhlaryny arzanlatmagy wada berýär. Bu aralykda, Türkmenistan fiksirlenen Internet torunyň tizligi boýunça dünýäde ýene-de yzdaky orunlary eýeledi. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň 21-nji fewralda çap eden bildirişine görä, 1-nji martdan başlap, ozal 512 Kbit/s tizlikli Internete birikdirilen abonentleriň Internet tizligi awtomatik görnüşde 1 Mbit/s-a çykarylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanda turan tozanly ýel jaýlaryň üçeklerindäki örtükleri opurdy, elektrik we Internet üpjünçiligini bökdedi

Sişenbe güni, 21-nji fewralda Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýel turdy. Ýeliň netijesinde ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň üçeklerine zeper ýetdi. Käbir ýerlerde elektrik we telefon simlerini geçirýän sütünler, agaçlar ýykyldy. Bu waka, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygyny duýdurmagynyň yz ýanyna gabat geldi. "Irden turan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ilçi: Türkmenistan Russiýa iberýän azyk önümlerini köpeldýär

Türkmenistan Russiýa dokma önümleriniň eksportyny 50%, azyk önümleriniň eksportyny 90% ýokarlandyrdy diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda aýdylýar. “Orient” neşiriniň rus diplomatynyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda häzir 360-dan gowrak strategiki ylalaşyk baglaşyldy. Russiýanyň “Gazprom”, “KamAZ”, “Tatneft”, “Wozroždeniýe” we beýleki kompaniýalary Türkmenistanda üstünlikli işleýär diýip, habarda aýdylýar.




Azathabar.com 

Köp çagaly enelerden döwlet sylaglaryny satmajakdyklary barada dilhaty alynýar

Balkan welaýatynda şu ýyl “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlenjek aýallardan ýörite dilhaty alynýar. Olardan döwlet tarapyndan sowgat berlen altyn zynjyrlary we ordenleri, şeýle hem beýleki gymmatbaha sowgatlary satmajakdyklaryna kepil geçmek talap edilýär. Häkimiýetleriň bu çärelerine, bu ada mynasyp bolan käbir eneleriň altyn zynjyrlaryny we ordenlerini satmagy hem-de olaryň türme tussaglygyna höküm edilmegi sebäp bolupdyr. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 21-nji fewralda maglumat berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

"Turkish Airlines" Aşgabada uçar gatnawyny köpelder

“Türk howaýollary” mart aýyndan başlap, Stambul-Aşgabat aralygyndaky uçar gatnawyny köpelder diýip, “Türkmenportal” neşiri “Turkish Airlines” kompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasyna salgylanyp habar berýär. Häzir bu kompaniýanyň uçarlary Aşgabada hepdäniň üçünji we altynjy günleri uçýarlar, 24-nji martdan başlap bu gatnaw gündelik tertipde amala aşyrylar diýip, habarda aýdylýar. Şeýle-de, 23-nji martda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul aralygynda guralýan uçar gatnawynyň bes ediljekdigi aýdylýar.

Azathabar.com 

Almatyda we Astanada 18 adam "žurnalistlere garşy jenaýatda" güman edilýär

Polisiýa žurnalistlere garşy bikanun hereketleri üçin 18 adamy tussag etdi diýip, “Polisia” telegram kanaly habar berýär. 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 20-nji fewrala çenli aralykda Almatyda we Astanada “alty žurnalist we blogçy babatynda, şeýle-de ýene bir adama garşy işi bilen baglanyşykly birnäçe bikanun hereket edildi” diýip, ýaýradylan habarda aýdylýar. Žurnalistleriň we blogçylaryň atlary, şeýle-de olara edilen anyk hüjümler barada hiç zat aýdylmaýar. “Pidalar bilen baglanyşykly gozgalmaýan... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus