Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Almatyda we Astanada 18 adam "žurnalistlere garşy jenaýatda" güman edilýär

Polisiýa žurnalistlere garşy bikanun hereketleri üçin 18 adamy tussag etdi diýip, “Polisia” telegram kanaly habar berýär.


2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 20-nji fewrala çenli aralykda Almatyda we Astanada “alty žurnalist we blogçy babatynda, şeýle-de ýene bir adama garşy işi bilen baglanyşykly birnäçe bikanun hereket edildi” diýip, ýaýradylan habarda aýdylýar.


Žurnalistleriň we blogçylaryň atlary, şeýle-de olara edilen anyk hüjümler barada hiç zat aýdylmaýar.


“Pidalar bilen baglanyşykly gozgalmaýan emläklere bilkastlaýyn zeper ýetirilmegi, awtoulaglaryň ýakylmagy, dürli zatlary eltip haýbat atmak, pidalar bilen bagly terrorçylyk hereketi barada bilkastlaýyn ýalan habarlary we olaryň şahsy maglumatlaryny internetde ýaýratmak faktlary ýüze çykaryldy” diýip, IIM habar berdi.


Polisiýa bu jenaýatlaryň açylmagy we derňelmegi üçin pudagara derňew-operasiýa toparynyň döredilendigini habar berdi.


Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, häzir Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň “Haýbat”, “Şahsy durmuş baradaky maglumatlary ýaýratmak”, “Žurnalistlik işini amala aşyrmaga päsgel bermek”, “Başgalaryň emlägini bilkastdan ýok etmek”, “Bozgaklyk” maddalary esasynda 20-den gowrak iş boýunça derňew geçirilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus