Türkmenistanda mekdep mugallymlarynyň ‘abraýy we aýlyklary’, raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň bozulmagyna sebäp bolýan ‘mejbury zähmet, islenilmeýän ideologiýa, wagyz sapaklary, korrupsiýa’ baradaky ýörite gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
Iki gyrgyz kazyýeti Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyzystanda websaýtlarynyň petiklenilmegi we bank hasaplarynyň doňdurylmagyna garşy arzalary boýunça deslapky kazyýet diňlenişikleriniň wagtyny yzy süýşürdi. Bişkek Administratiw kazyýeti 17-nji fewralda “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan dolandyrylýan "Current Time" kanalynyň hukuk durumyny öz kätipliginiň ilki bilen Gyrgyz Adalat ministrliginden anyklamalydygyny aýdyp, kazyýet diňlenişiginiň wagtyny... Читать дальше...
Bişkek kazyýeti Özbegistan bilen aradaky jedelli serhet şertnamasyna garşy çykandan soň, oktýabrda tussag edilen 26 aktiwistiň, oppozisiýa syýasatçysynyň we žurnalistiň deslapky tussaglyk möhletini apreliň ahyryna çenli uzaltdy. Birinji maý etrap kazyýeti 17-nji fewralda toparyň bäş zenan agzasy bilen bagly kararyny yglan etdi. Beýlekiler babatda 15-16-njy fewralda kararlar kabul edildi. Bu kazyýet işinde dört adam öý tussaglygynda bolar, beýlekiler deslapky tussaglykda saklanar. Olar jedelli... Читать дальше...
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremesinde 45 müňden gowrak adam öldi. Türkiýede 264 müň töweregi ýaşaýyş jaýy weýran boldy, adam pidalarynyň artmagyna garaşylýar. Ýurduň ýakyn taryhyndaky iň erbet betbagtçylykda köp sanly adam heniz hem tapylmaýar. Ýer sarsgynyndan 11 gün soň, 17-nji fewralda üç adam harabalykdan diri çykaryldy.
Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň yglan edilmegi täzelik däl, ýöne bu meselede kagyz ýüzündäkiden we döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň berýän dabaraly habarlaryndan başga, nähilidir bir oňyn, anyk ilerlemäniň bolmagy, hususan-da metbugatda açyk çekişmeleriň başlanmagy, hünärmenleriň we ene-atalaryň çagalaryň bilim-terbiýesi, diýmek, ýurduň geljegi hakyndaky aladalaryny arkaýyn aýdyp, öz tekliplerini orta atyp bilmegi hakyky täzelik bolup bilerdi. Goňşy Özbegistanda bu ugurda käbir ädimler ädilýär... Читать дальше...