Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň 44-nji ýyl dönüminde eden çykyşynda tutuş ýurtda hökümete garşy protestleriň ýeňlişe sezewar bolandygyny aýtdy. Onuň 11-nji fewralda eden bu çykyşy Eýranyň şäherlerinde müňlerçe eýranlynyň ýöriş geçiren we ýurt harbylarynyň paýtagt Tähranda käbir tehnikalaryny görkezen mahalyna gabat geldi. 1979-njy ýylda Pahlawi dinastiýasynyň agdarylmagy bilen tamamlanan rewolýusiýanyň ýyl dönümini hatyralamak dabarasy her ýyl 11-nji fewralda geçirilýär. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow soňky bir hepdäniň dowamynda ikinji gezek hökümetiň düzüminde kadr çalşygyny geçirdi. Döwlet baştutany ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky kararlaryny Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan etdi. Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Serdar Açyldurdyýewiç Joraýew bellenildi. Ol... Читать дальше...
Türkmenistan Türkiýede şu hepde bolan weýrançylykly ýertitremäniň netijesinde ejir çekenler ikinji ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu aralykda, sosial torlarda türkmenistanly ulanyjylar tarapyndan ýertitremede ölen türkmenler barada paýlaşylýan maglumatlar peýda bolýar. "Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlary gepleşiginiň 10-njy fewralda efire berlen sanynda bu kömegiň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat... Читать дальше...