Türkmenistanda uludan tutulýan bagt toýlarynyň ‘kölegesinde galýan’ düýpli meseleler, bozulýan nikalaryň we ýetim çagalaryň sanynyň aşa köpelmegi, tiz özgerýän durmuşyň ozalky ‘dört tärim düşünjelerine’ sygmazlygynyň mümkin bolan sebäpleri baradaky ýörite gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna öz adyndan 60 manat sowgat bermegi buýurdy. Prezident bu baradaky buýruga Ministrler Kabinetiniň 24-nji fewralda geçirilen nobatdaky mejlisinde gol goýdy. Oňa laýyklykda, "eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada... Читать дальше...
Sekiz we ondan hem köp çagaly bolmak wagzyny edýän döwletdäki senzura maşgala gurýan raýatlaryň we ýaş maşgalalarda dünýä inen çagalaryň soňky ýagdaýlary barada açyk gürrüň edilmegine, çözgüt gözlenilmegine ýa-da bu ugurdaky meselelere jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmegine ýol bermeýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanda maşgalasy bozulýan, aýrylyşýan raýatlaryň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende görülmedik derejede köpelendigi, munuň bir tarapdan azatlykdan mahrum edilýän adamlaryň köpelmegi, zähmet ýa okuw migrasiýasy bilen... Читать дальше...