Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2022
18

Новости за 27.06.2022

Azathabar.com 

Awazada dynç alyş möwsümi başlady, bahalar 130%-e çenli ýokarlandy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çäginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän "Awaza" syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen, sebitde azyk harytlarynyň, transport hyzmatlarynyň, alkogol içgileriniň we temmäki önümleriniň bahasy 60%-den 130%-e çenli gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysy soňky birnäçe günüň dowamynda şäheriň bazarlarynda bir kilogram etiň bahasynyň 60 manatdan 100-120 manada ýokarlanandygyny aýdýar. Mundan bir aý... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy

Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. 24-nji iýunda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen aýdym-saz çäresine tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Konserte Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem bardy.

Azathabar.com 

Aşa yssy howa sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär

Türkmenistanda çenden aşa yssy howa dowam edýär. Howanyň temperaturasynyň kölegede 50 gradusa golaýlaýan wagtynda, köp sebitiň jemgyýetçilik hyzmatlarynda bökdençlikler döreýär, raýatlaryň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy hem günsaýyn ýitileşýär.

Azathabar.com 

Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy

Aşgabatda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. 24-nji iýunda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen aýdym-saz çäresine tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Konserte Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem bardy. Köşgüň uly zalynda geçirilen "Müň bir gije" atly konsert çäresine biletler 50 manatdan satyldy. Ýörite adamlar tarapyndan satylan bu biletler köplenç tomaşaçylaryň öýlerine getirilip berildi. "Aşgabatlylar konsertiň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşa yssy howa sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär

Türkmenistanda çenden aşa yssy howa dowam edýär. Howanyň temperaturasynyň kölegede 50 gradusa golaýlaýan wagtynda, köp sebitiň jemgyýetçilik hyzmatlarynda bökdençlikler döreýär, raýatlaryň elektrik üpjünçiligi we içimlik suw problemasy hem günsaýyn ýitileşýär. Türkmen mediasynda iýunyň aýagynda howanyň temperaturasynyň çenden aşa gyzjakdygy barada duýdurylsa-da, häkimiýetleriň adamlaryň saglygyna hem ýaramaz täsir ýetirýändigi aýdylýan jokrama yssydan goranmak boýunça iş ýüzünde ýeterlik ýa asla tagalla etmeýändigi hem bellenilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda PÝGG işgärleri sürüjilere jerime ýazmak ‘işlerini’ dowam etdirýärler

Türkmenistanda şahsy awtoulaglarda maska düzgüniniň ýatyrylmagynyň yz ýany, şu günler Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ‘başga bahanalar’ bilen sürüjilere jerime ýazmak işlerini dowam etdirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Türkmenistanda 1-nji iýundan başlap, maska düzgüniniň gowşadylmagynyň yz ýany, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýörite buýruk çykaryp, nirelerde maska düzgüniniň saklanyp galýandygyny aýdyňlaşdyrdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda howanyň gyzgyny rekord derejelere çykýar

Türkmenistanda howanyň gyzgyny ýene-de adatdan daşary derejelere ýetdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri “Meteožurnala” salgylanyp habar berýär. Aşgabatda howanyň gyzgyny kölegede 45 derejä ýetdi, birnäçe sebitde rekord görkezijiler bellige alyndy: Saragtda - 45,9 dereje, Ýerbentde - 45.5, Serdar şäherinde (Gyzylarbat) - 44, Baýramalyde - 44.8. Şeýle-de neşir howanyň gyzmagynyň 27-29-njy iýunda has ýokary derejelere çykjakdygyny, paýtagtda howanyň temperaturasynyň 47 gradusa, rekord derejä ýetip biljekdigini duýdurýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Dört türkmenistanly Russiýada dükan urup tutuldy

Russiýanyň Leningrad sebitinde Türkmenistanyň dört raýaty dükan talamakda güman edilip tussag edildi diýip, “Turkmen.news” neşiri “47News” neşirine salgylanyp habar berdi. Derňew netijesine görä, migrantlar 25-nji iýun güni, ir sagat bäşde, “Renault Logan” ulagynda baryp, Wolhow etrabynyň Kuti obasyndaky “Magnit” dükanynyň ýeňse ýüzündäki otagyň gapysynyň gulpuny döwdüler. Olar ýeňseki otagdan, “LenTV-24” neşiriniň maglumatyna görä, 119,000 rubl (2200 dollar) tapdylar. Bu pullary alan migrantlar gaçyp, gizlenmäge synanyşdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystandaky ýer titremesinde azyndan 155 çaga öldi - BMG

BMG-niň ynsanperwerlik kömeklerini utgaşdyrýan guramasynyň (OCHA) 26-njy iýunda beren habaryna görä, geçen hepde Owganystanyň günorta-gündogarynda bolup geçen ýer titremesinde azyndan 155 çaga heläk boldy. Utgaşdyryş guramasy ýurduň Pakistan bilen serhediniň golaýyndaky Paktika we Host welaýatlarynyň daglyk obalarynda bolan 6 magnitýudly ýer titremesinde 250 çaganyň ýaralanandygyny aýtdy. Bu ýer titremesi ýaşaýyş jaýlarynyň köpçülikleýin ýykylyp-ýumrulmagyna, ýer süýşmelerine sebäp boldy. Çagalaryň... Читать дальше...




Azathabar.com 

Gyrgyzystandan Gazagystana 30 tonna şeker çykarmaga synanyşan sürüji saklandy

25-nji iýunda “Çon-Kapka – Awtodorožny” barlag nokadynda bir ýük awtoulagynyň sürüjisi, aýdylmagyna görä, Gazagystana 30 tonna şeker bikanun geçirmäge synanyşanda saklandy. Bu maglumaty Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň serhet gullugy çap etdi. Gyrgyzystanyň Ministrler kabineti geçen aýyň ahyrynda şeker eksportyna wagtlaýyn gadaganlyk girizdi. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň serhet gullugynyň maglumatyna görä, 1984-nji ýylda doglan, Gazagystan Respublikasynyň... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus