Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda PÝGG işgärleri sürüjilere jerime ýazmak ‘işlerini’ dowam etdirýärler

Türkmenistanda şahsy awtoulaglarda maska düzgüniniň ýatyrylmagynyň yz ýany, şu günler Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ‘başga bahanalar’ bilen sürüjilere jerime ýazmak işlerini dowam etdirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.


Türkmenistanda 1-nji iýundan başlap, maska düzgüniniň gowşadylmagynyň yz ýany, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýörite buýruk çykaryp, nirelerde maska düzgüniniň saklanyp galýandygyny aýdyňlaşdyrdy.


Saglyk ministriniň 6-njy iýunda gol çeken buýrugyna laýyklykda, maska düzgüni ýapyk binalara, döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerine we jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerine degişli edildi.


Has ozal, pandemiýa düzgünleriniň gowşadylmagynyň yz ýany, maska dakynmagyň zerur ýerleri ýa-da zerur däl ýerleri babatda gümürtiklik emele geldi. Munuň yz ýany, Türkmenistanda gowşadylan pandemiýa düzgünlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilata düşündirmek kararlaşdyryldy.   




“Maska düzgüni aýrylsa-da, PÝGG işgärleriniň protokol ýazmak düzgünleri gowşamady” diýip, maryly sürüjiler aýdýarlar.


Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary maska talaby bilen baglylykda awtoulag sürüjilerine ýazylýan jerimeler barada habar berip gelýärdi.


“Howpsuzlyk kemeriň ýok, el tormozyň işleýärmi, tormoz çyraň ýanýarmy, derman gutynyň möhleti geçmedikmi, ýangyn söndürijiň barmy, derman gutyň içinde ‘zelýonka’, ýod barmy ýaly dürli ownuk bahanalar bilen protokol doldurmakçy bolýarlar ýa-da 20 manat para soraýarlar” diýip, bir maryly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Sürüjiler soňky iki ýyl töweregi wagtyň dowamynda PÝGG işgärleriniň awtoulaglarda esasan maska düzgünleriniň berjaý edilişine üns berendiklerini aýdýarlar.


PÝGG işgärleri bolsa, sürüjilere jerime ýazmagyň ‘ýokardan’ talap edilýändigini aýdýarlar.


“Her gün her bir polisiýa işgäri azyndan 10 protokol dolduryp iş ýere eltmeli, bolmasa iş başarmaýan bolup, işden gitmeli. Biziň edaramyzda häzirki gün arzasyny ýazyp, işden çykmakçy bolýan adamlar gaty köp. Işden çetleşmeseň, özüň çetleşer ýaly edýärler. Talap ýokarlanýar. Biziň hem, edil siz ýaly, arzymyzy aýtmaga ýerimiz galmady” diýip, polisiýa işgärleri awtoulag sürüjilerine gürrüň berýärler.


“Adamlar indi dilden-agyzdan galyp, kim näme diýse bolmalysy şeýle diýip kabul edýärler” diýip, maryly ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.




Türkmenistanda soňky aýlarda köçe-ýol hereketine gözegçilik güýçlendirildi. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy martda wezipä girişmeginden soň geçiren ilkinji howpsuzlyk mejlisinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmakda aýyplanýan sürüjiler döwlet telewideniýesinde görkezildi.


Şeýle-de, maýyň başlarynda “Administratiw hukuk bozulmalary hakynda” kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjilere we pyýadalara salynýan käbir jerimeleriň möçberi birnäçe esse artdyryldy.


Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary PÝGG işgärleriniň sürüjilere we pyýadalara jerime ýazmak işlerini ýygjamlaşdyrandyklaryny habar berdi.        


Kodekse girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurtda rugsat edilýän iň ýokary tizligi sagatda 50 kilometr tizlikden köp mukdarda bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberi binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýedisine çenli möçberde artdyryldy. Düzgün bozma gaýtalansa, onda raýatyň ulag sürmek ygtyýarlyklary üç aý möhlet bilen togtadylar.


Ýol hereketiniň düzgünlerini bozan, ileri tutulýan belliklere, ýol belliklerine ýa-da swetaforlaryň signallaryna boýun egmedik pyýadalara binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegine çenli möçberde jerime salynar. Bu jerimäniň möçberi ozal binýatlyk mukdarynyň 0,2 bölegine deňdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus