Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen bardy. Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda edýän bu sapary onuň prezident wezipesindäki ilkinji resmi wizitidir.
Mary welaýatynda howanyň temperaturasy 40 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, has takygy 9-njy iýunda jemagat hojalygyna degişli edaralaryň we döwlet kärhanalarynyň işgärleri irdenden agşama çenli arassaçylyk işlerini geçirdiler. Açyk meýdanda we köçelerde geçirilen bu işleriň dowamynda günüň jokrama yssysyna çydaman, huşundan gidip, keselhana düşen adamlar hem boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew 9-njy iýunda Birleşen Ştatlaryň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili Tomas West bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdy. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär. “Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, ministrlik aýtdy. Ministrlik duşuşyk barada çap eden gysga habarynda Owganystanda parahatçylygyň... Читать дальше...
Owganystanyň "Talyban" ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň Dag magdanlary we nebit-gaz ministrliginiň metbugat sekretary Esmatullah Burhan “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň ýurduň çäginden geçýän böleginde gurluşyk işleriniň ýene dört aýdan dikeldiljekdigini wada berýär. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” owgan metbugatyna salgylanyp habar berýär. Burhan transmilli taslamanyň gurluşyk işleriniň gaz geçirijiniň geçýän ugrundaky ýer eýeçiliginiň meseleleri zerarly gijikdirilendigini aýdy. Читать дальше...
Human Rights Watch (HRW) Owganystanda hususan-da aýal-gyzlaryň durmuşyna täsir edýän “gödek ynsan hukuklary krizisi” zerarly halkara jemgyýetçiligini ‘Talyban’ dolandyryjylaryna garşy has berk çäklendirmeleri girizmäge çagyrdy. Topar awgustda häkimiýete dolanaly bäri, “Talyban” ýurtda aýallaryň ýigrimi ýylda gazananlaryny yza gaýdyp aldy. Aýallar köp sanly hökümet işlerinden çykarylýar, ýekelikde syýahat etmekden mahrum edilýär we Gurhanyň has berk düşündirişi boýunça geýinmäge mejbur edilýär.... Читать дальше...
Türkmenistanyň günorta serhet çäklerinde gulluk geçen esgerleriň onlarçasy öýlerine kesgitlenen wagt araçäginde 'wagtynda' dolanyp bilmeýär. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň birnäçesi harby ýolbaşçylaryň muny häkimiýetleriň demirýol transporty bilen üpjün etmeýändigi bilen düşündirýändiklerini aýdýarlar. 24-nji martda prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol goýan degişli kararynda, şol sanda gulluk möhletleri dolan harby gullukçylary 2022-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden... Читать дальше...
Eýranyň Mugallymlar kärdeşler arkalaşygynyň Utgaşdyryjy geňeşi aýlyk haklarynyň ýokarlandyrylmagyny we mundan öňki demonstrasiýalarda saklanan mugallymlaryň derhal boşadylmagyny talap edip, köçe protestleriniň täze tapgyryna çagyryş etdi. Tolgunyşyklar tutuş ýurda ýaýramagy dowam etdirýär. Geçen aý Eýranyň birnäçe şäherinde Maý güni geçirilen demonstrasiýalaryň öň ýany dört mugallym tussag astyna alyndy. Bu demonstrasiýalar Eýranda Mugallymlar gününe gabat geldi. Geňeş 9-njy iýunda beren beýanatynda... Читать дальше...