Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2022
18

Новости за 20.06.2022

Azathabar.com 

Türkmen prezidentiniň Moskwa saparyndan soň goşa raýatlygy bar adamlara pasport berlip başlandy

Türkmenistanyň raýaty bolmak bilen wagtda Russiýanyň hem raýatlygyny alan türkmenistanlylar ençeme ýyl bäri türkmen daşary ýurt pasportyny almakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary ýagdaýyň birden üýtgändigini we goşa raýatlykly adamlaryň indi daşary ýurt pasportlaryny alyp biljegini bilip galandygyny habar berýär. Bu mümkinçilik prezident Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa eden resmi saparyndan soň döräpdir.

Azathabar.com 

Balkan ekerançylyk meýdanlaryny haşal otlardan arassalap, prezidenti garşylamaga taýýarlanýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna sapar etmegine garaşylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri sebitde arassaçylyk işleriniň güýçlendirilendigini habar berýärler. Prezidentiň Lebap welaýatyna amala aşyran sapary sebit ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi, ýollar petiklenildi, goýy reňkli awtoulaglaryň hereketi çäklendirildi we bazarlar iki günläp ýapyk saklandy. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy prezidentiň barmagyna garaşylýan etraplarda kärendeçi daýhanlaryň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy

Aşgabadyň döwlet dükanlary ilata subsidirlenen bahadan berilýän azyk önümleriniň käbir görnüşlerini, şekeri, towuk buduny we ýumurtgany gaýtadan paýlap başlady. Ýöne olaryň käbiriniň bahalary hususyýetçilerdäkiden hem gymmat bolsa, käbiri bazar bahalary bilen deň nyrhda satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berdi.

Azathabar.com 

Ýene 100-den gowrak adam Türkmenistany hemişelik terk etmek üçin uçar biledini satyn aldy

Türkmen häkimiýetleri "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Kazana (Russiýa) yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeldýändigini yglan edensoň, "Türkmenhowaýollary" agentliginiň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele gelip başlady. Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän 120 töweregi türkmenistanly, agentligiň öňünde birnäçe günläp nobata durandan soň, Kazana uçar biledini satyn almagy başardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan habar berdiler.

Azathabar.com 

Mary: Ak reňk talaplary bilen bagly saklanan ulaglar prezidentiň saparyndan soň tölegsiz boşadyldy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Mary welaýatyna sapar edip, galla oragynyň barşy bilen tanyşdy, sebitiň Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Prezidentiň sebite amala aşyrýan sapary bilen baglylykda köçelerde polisiýa tarapyndan saklanan aň reňkden başga reňkdäki ulaglar, saparyň edil yz ýany, goşmaça tölegsiz boşadyldy. “Birinji gezek bizden pul alman, goşmaça para soraman ulaglarymyzy yzyna gowşurdylar” diýip, sürüjiler özleriniň haýran galandyklaryny aýdýarlar.

Azathabar.com 

Eýran iki ruhanyny öldürmekde aýyplanany dardan asdy

Eýranda aprelde Ymam Reza ybadathanasynda iki şaýy ruhanysyny öldürmekde we ýene birini ýaralamakda aýyplanan özbek asylly raýat jezalandyrylyp öldürildi. Abdolatif Moradi 20-nji iýunda ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Maşad şäheriniň Wakilabad türmesinde dardan asmak arkaly öldürildi. 5-nji aprelde, ýagny musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Remezan aýy wagty, 21 ýaşyndaky Moradi iki ruhanyny öldüripdi. Içeri işler ministrligi muny “terroristik hüjüm” diýip häsiýetlendirdi. Käbir emeldarlar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň günbatarynda ýer titreme boldy

20-nji iýunda Türkmenistanyň günbatarynda 4,6 magnitudaly ýer titreme hasaba alyndy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Geologiýa barlag merkezi habar berýär. Maglumatlara görä, ýer titremäniň merkezi Balkanyň Bereket sebitiniň 74 km günortasynda ýerleşýär. Onuň ojagy 12,1 km çuňlukda ýerleşýär.   Ýer sarsgynynyň netijeleri barada maglumat bolmady. Türkmenistan 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär. Mundan öň, 2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda gürrüňi gidýän Bereket (Gazanjyk) obasynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Fransiýadaky parlament saýlawlarynda Makron köplügi ýitirdi

Fransiýada 19-njy iýunda geçirilen parlament saýlawlarynda prezident Emmanuel Makronyň “Bilelikde” hökümet koalisiýasy ýurduň milli assambleýasyndaky köplügi ýitirdi. Saýlawlaryň netijelerine görä, Makronyň tarapdarlary 577 agzalyk Milli assambleýada 245 orny eýelärler. Şol bir wagtda, kanunçykaryjy organda köplük üçin orunlaryň 289-y zerur. Makron aprelde geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazananyndan soňra, özüniň merkezçi koalisisýasynyň hem parlament saýlawlarynda gowy netije görkezjekdigine umyt baglapdy. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus