Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2022
30

Новости за 26.01.2022

Azathabar.com 

Lebabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýiti respirator keselçiligi möwjeýär

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde we Saýat hem-de Farap etraplarynda ýiti respirator keselçiligi bilen keselleýän mekdep okuwçylarynyň sany göz-görtele köpeldi. Munuň bilen bagly, etrap hassahanalary näsaglardan doldy we syrkawlary kabul etmegi bes etdi. Bu aralykda, häkimiýetler saglyk işgärlerini "syrlary äşgär etmezlik" baradaky ýörite dilhata gol çekmäge mejbur edýärler. Bu ýagdaýlara barada Lebapdan habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä,... Читать дальше...

Azathabar.com 

Bir günde Aşgabatda onlarça it we pişik öldürildi

Soňky iki günüň içinde Aşgabatda günde onlarça it tutuldy we ýok edildi. Azatlygyň habarçylary we Aşgabatda haýwanlary goraýjylar idegsiz haýwanlary tutmak işi tabşyrylan gulluklaryň öňlerinde goýlan plany ýerine ýetirýändiklerini we käbir halatlarda haýwanlary eýelerinden zor bilen alyp gidýändiklerini habar berdiler. Aşgabatda öý haýwanlaryny ýok etmegiň häzirki tolkuny, häkimiýetleriň Halk Maslahaty ýygnagyna taýynlyk görülýän wagtyna gabat gelýär.

Azathabar.com 

Russiýada tussag edilen türkmen raýaty Jumadurdyýew azatlyga goýberildi

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde 24-nji ýanwarda saklanan türkmen raýaty Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen, 25-nji ýanwarda giçlik azatlyga goýberildi. Bu barada adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi habar berýär. Jumadurdyýew watany – Türkmenistanda dini sebäplere görä yzarlanýar. Onuň 24-nji ýanwarda Sankt-Peterburgda "Çkalowskaýa" metro stansiýasynda resminamalary barlananda, onuň halkara gözlege yglan edilendigi aýan bolupdyr we ol şol ýerde tussag edilipdir. Gyssagly... Читать дальше...

Azathabar.com 

Angliýa we ABŞ Putine garşy göni sanksiýa girizmek duýduryşlaryny berýär

Angliýa we Birleşen Ştatlar, eger-de Russiýa Ukraina goşun sürse, prezident Wladimir Putine garşy gönükdirilen sanksiýalaryň işe giriziljekdigini duýdurdylar. Britaniýanyň daşary işler ministri Liz Truss 26-njy ýanwarda Putine garşy girizilip biljek sanksiýalar barada soralanda, “Sky News” telekanalyna "Biz hiç bir zady aradan aýyrmaýarys” diýip jogap berdi. Trussyň aýdan sözleri ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 25-nji ýanwarda, Ukraina çozan halatynda, Putine garşy şahsy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutjakdygy barada sözlerini ýatlatdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan ýokuşmalaryň öňüni sanjymlar we polisiýa bilen 'almagyny' dowam etdirýär

Mary welaýatynda saglyk işgärlerine koronawirusa garşy sanjym urmak işleri dowam etdirilýär. Emma Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň web sahypasynda “Ýiti öýken sowuklama keselini dörediji koronawirus ýokanjy (COVID-19)” hakynda juda az maglumat berlip, ilata edilýän sanjymlar, bu işiň paýtagtda we sebitlerde alnyp barlyşy barada tasdan hiç zat aýdylmaýar. Şeýle-de, saglyk edaralarynyň dürli telefonlary arkaly, günüň dowamynda birnäçe gezek jaň edilse-de, türkmen resmilerinden... Читать дальше...

Azathabar.com 

Petikli saýtlara girýän talyplar MHM bilen hyzmatdaşlyga mejbur edilýär

Aşgabadyň häkimiýetleri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň mobil telefonlaryny barlady. Häkimiýetler ýurtda petikli saklanýan saýtlara, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtyna we sosial platformalara giren talyplara okuwdan çykaryljakdygy barada haýbat atyp, olary Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur edýär. Bu ýagdaýlar barada institutyň ençeme talyby Azatlyk Radiosynyň türkmen paýtagtyndaky habarçysyna gürrüň berdi.

Azathabar.com 

Türkmen aktiwistleri Nýu-Ýorkda syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etdiler

25-nji ýanwarda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde türkmen aktiwistleri syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap edip, protest çäresini geçirdiler. Bu barada “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow özüniň sosial ulgamlarynda mälim etdi. Protest çäresinden iberilen suratlarda demonstrantlaryň golaýda Türkiýeden Özbegistana deportasiýa edilen aktiwist Jumasapar Dädebaýewiň, Russiýadan Türkmenistana iberilen Azat Isakowyň we türkmen türmesinde saklanylýan aktiwist... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ we Britaniýa, Russiýa Ukraina hüjüm etse, Putine garşy sanksiýalary girizip bilerler

ABŞ we Britaniýa, eger-de Russiýa Ukraina hüjüm etse, onda rus prezidenti Wladimir Putine garşy şahsy sanksiýalaryň girizilmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýandyklaryny duýdurdylar. 26-njy ýanwarda britan daşary sekretary Liz Truss çykyş edip, “Russiýadaky kompaniýalara we şahsyýetlere garşy has berk sanskiýalary girizmäge mümkinçilik berjek täze kanunçylygyň üstünde işleýändiklerini” mälim etdi. Putine garşy sanksiýalar barada soralanda, ol “biz muny aradan aýyrmaýarys” diýip, belledi. 25-nji... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran fransuz syýahatçysyny sekiz ýyldan hem aşa türme tussaglygyna höküm etdi

Eýranyň sudy fransuz syýahatçysyny içalyçylykda we Eýranyň yslam ulgamyna garşy propoganda etmekde günäli tapyp, sekiz ýyl we sekiz aý türme tussaglygyna höküm etdi. Bu barada onuň Pariždäki aklawçysy habar berdi we sud diňlenişigini “masgaraçylyk” atlandyrdy. 25-nji ýanwarda Fransiýanyň Daşary işler ministrligi Benžamin Briere çykarylan hökümi “kabul ederliksiz” diýip häsiýetlendirdi. 36 ýaşly Briere 2020-nji ýylyň maýynda Türkmenistan-Eýran serhedine golaý çöllük bir ýerde drony uçuranyndan soň tussag edildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-da omikrona garşy waksinanyň barlaglary geçirilýär

Birleşen Ştatlaryň farmasewtiki kärhanasy Pfizer özüniň germaniýaly hyzmatdaşy BioNTech bilen birlikde koronawirusyň omikron görnüşine garşy waksinanyň kliniki barlaglaryna girişendiklerini mälim etdi. Pfizer we BioNTech testleriň çäginde waksina etdirmedikler üçin üç tapgyr sanjym, şeýle-de ozal özüniň bar bolan wakisnasyny iki tapgyr sanjym etdirenler üçin goşmaça sanjym barlaglaryny geçirmegi planlaşdyrýarlar. Kompaniýalar ABŞ-da 1 müň 400 adamda test geçirip, waksinanyň howpsuzlygyny öwrenjekdiklerini aýtdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Norwegiýa “Talyban” bilen gepleşiklerde “açyk talaplaryň” beýan edilendigini aýtdy

Günbatar diplomatlary Norwegiýada “Talyban”delegasiýasy bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda mümkin ynsanperwer kömegini ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna bagly edendiklerini aýtdylar. 25-nji ýanwarda Günbataryň birnäçe diplomaty bilen “Talybanyň” 25 adamdan ybarat wekiliýeti ýapyk gapylaryň aňyrsynda gepleşikleri geçirdiler. Bu “Talybanyň” awgustda häkimiýeti gaýtadan eline geçireninden soň, Ýewropa eden saparynyň çägindäki soňky duşuşygy boldy. Norwegiýanyň döwlet... Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus