Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýiti respirator keselçiligi möwjeýär

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde we Saýat hem-de Farap etraplarynda ýiti respirator keselçiligi bilen keselleýän mekdep okuwçylarynyň sany göz-görtele köpeldi. Munuň bilen bagly, etrap hassahanalary näsaglardan doldy we syrkawlary kabul etmegi bes etdi. Bu aralykda, häkimiýetler saglyk işgärlerini "syrlary äşgär etmezlik" baradaky ýörite dilhata gol çekmäge mejbur edýärler.


Bu ýagdaýlara barada Lebapdan habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, lukmanlar mekdep okuwçylaryna koronawirus diagnozy goýmaga gorkup, olaryň grip bilen keselländigini aýdýarlar.


"Häzir Saýat we Farap etraplaryndaky hassahanalaryň çagalar we ýokanç keselliler bölümlerinde ýer ýok. Lukmanlar diňe wiruslara garşy dermanlary ýazyp, näsag çagalary öýlerine ugradýarlar" diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli saglyk işgäri 26-njy ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.




Onuň sözlerine görä, keselçiligiň ýitileşen görnüşinden ejir çekýän çagalar - intensiw bejergi üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilen - ýörite otaglara ýerleşdirilýär.


"Farabyň keselhanasynda bu enjamlar ýeterlik mukdarda bolmansoň, agyr syrkawlar ýörite ýollanma bilen, welaýat hassahanasyna iberilýär" diýip, saglyk işgäri belledi.


Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan faraply we saýatly bilim işgärleri keselçiligiň artýandygy sebäpli mekdeplerde mart aýyna çenli dynç alyş yglan edilmeginiň ähtimaldygyny hem aýtdylar. Azatlyk bu barada welaýat we etrap bilim bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bolmady. 


Bu aralykda, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan saglyk işgärleriniň ençemesi häkimiýetleriň özlerini "syrlary äşgär etmezlik" baradaky ýörite dilhata gol çekmäge mejbur edýändigini habar berdiler.


"Bu çärelere 25-nji ýanwarda girişildi. Mundan öň bu hili dilhata diňe harbylar gol çekýärdiler. Bu çäre ýurtda koronawirusyň, hususan-da, onuň "Omikron" görnüşiniň ýaýraýandygy baradaky maglumatlaryň daşary ýurt habar serişdelerinde peýda bolmagynyň öňüni almak üçin edilýän tagallalaryň bir bölegi" diýip, saglyk işgäri aýtdy.




Azatlygyň Lebabyň saglyk edaralaryna jaň edip, türkmen resmilerinden ýokanç keseliň ýaýramagy we oňa garşy alnyp barylýan göreş barada goşmaça maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.


Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýär. Muňa garamazdan, 15-nji ýanwarda ýurtda ýene bir gulplama girizdi. Ýurtda bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we güýmenje desgalary ýapyldy. Şeýle-de, ýurt içindäki uçuşlar çäklendirilip, ýollara gözegçilik güýçlendirildi. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda ilata sanjym etmek işleri güýçli depginde dowam edýär.


Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy karantin çäklendirmeleriniň güýçlendirilmegi, ýurtda wirusyň täze ýagdaýlarynyň ýene köpelýändigi we onuň "Omikron" görnüşiniň ýaýraýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. Bu barada Balkan, Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylarymyz habar berdiler.


20-nji ýanwarda Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglaryň döredilýändigi, okuwçylardan lukmançylyk kömegi üçin gapyrjaklaryň ýene talap edilýändigi mälim boldy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus