ABŞ-da omikrona garşy waksinanyň barlaglary geçirilýär
Pfizer we BioNTech testleriň çäginde waksina etdirmedikler üçin üç tapgyr sanjym, şeýle-de ozal özüniň bar bolan wakisnasyny iki tapgyr sanjym etdirenler üçin goşmaça sanjym barlaglaryny geçirmegi planlaşdyrýarlar.
Kompaniýalar ABŞ-da 1 müň 400 adamda test geçirip, waksinanyň howpsuzlygyny öwrenjekdiklerini aýtdylar.
Şu aýyň başynda kompaniýalar, häzirki COVID-19-a garşy waksinasynyň omikrona garşy doly goragy üpjün etmeýändigini ykrar edenden soň, täze waksinanyň önümçiligine başlandyklaryny mälim etdiler.