Eýran fransuz syýahatçysyny sekiz ýyldan hem aşa türme tussaglygyna höküm etdi
25-nji ýanwarda Fransiýanyň Daşary işler ministrligi Benžamin Briere çykarylan hökümi “kabul ederliksiz” diýip häsiýetlendirdi.
36 ýaşly Briere 2020-nji ýylyň maýynda Türkmenistan-Eýran serhedine golaý çöllük bir ýerde drony uçuranyndan soň tussag edildi.
Onuň maşgalasy ýakynynyň bigünädigini, şeýle-de onuň syýasy girew hökmünde ulanylýandygyny aýdýar.
Hukuk toparlary Eýrany daşary ýurtly tussaglary Günbatar bilen gepleşiklerinde ulanmakda aýyplaýarlar.