Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny ilat arasynda ýaýratmak we wasp etmek boýunça nobatdaky kampaniýa başlandy. Häkimiýetler prezidentiň garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda çap eden kitabyny býujet işgärleriniň we studentleriň satyn almagyny ugrunda iş geçirýärler.
“Biz 21 ýyl hökümet edarasynda bilimizi büküp işledik, iň soňunda, gör nähili durmuşa sezewar bolduk” diýip, öň döwlet edarasynda işlän bir pensioner Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýaramaz azyk üpjünçiliginden, giň ýaýran keselçilikden hem-de resmileriň biperwaýlygyndan şikaýat etdi.
Türkmen aktiwistleriniň Türkmenistanyň hökümetiniň işinden nägilelik çykyşylary 28-30-njy sentýabr aralygynda ABŞ-da we Şweýsariýada geçirildi. Olara Stanbuldaky aktiwistler hem goşuldy. Protestçiler türkmen hökümetiniň ýurtdaky sosial-ykdysady kynçylyklary, koronawirus keseliniň ýaýramagyny äsgermeýändigine, şeýle-de ýurduň daşyndaky türkmen migrantlarynyň pasport kynçylyklaryna we problemalary açyk gozgaýan aktiwistlere edilýän basyşa köpçüligiň ünsüni çekýärler.
Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, gomoseksual gatnaşykda güman edilýän 25 töweregi adam, şol sanda ýol gözegçilik polisiýasynyň bir öňki işgäri, ýerli ýangyn söndüriji gullugyň birnäçe işgäri we asly Çärjew etrabyndan bolan bir dellek Türkmenabatda tussag astynda saklanýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana amal edýän iki günlük resmi saparynyň çäginde 5-nji oktýabrda özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikleri geçirdi. Berdimuhamedow Daşkende 4-nji oktýabrda geldi, ony aeroportda prezident Mirziýoýewiň özi garşy aldy.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” (AI) topary Owganystanda awgustyň ortasynda “Talyban” güýçleriniň paýtagt Kabuly eýelemeginden iki hepde soňra, toparyň 13 etniki hazaralyny, şol sanda 17 ýaşly bir gyzy öldürendigini habar berýär. Düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň 5-nji oktýabrda ýaýradan beýanatyna görä, Owgan Milli howpsuzlyk güýçleriniň 11 agzasy, şeýle-de parahat ilatyň arasyndan iki adam 30-njy awgustda Daýkundi welaýatynyň Kahor obasynda öldürilipdir. Olar “Talyban” ýaraglylarynyň gelmeginden öň... Читать дальше...
Russiýanyň “Demirgazyk Akym 2” gazgeçirijisiniň operatory Baltik deňziniň düýbi bilen Germaniýa uzaýan dawaly geçirijini gaz bilen dolduryp başlady. Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän, şeýle-de Russiýanyň gaz läheňi “Gazpromuň” golçur kärhanasy tarapyndan eýeçilik edilýän “Demirgazyk Akym 2 AG” kompaniýasynyň 4-nji oktýabrdaky beýanatyna görä, geçirijiniň birinji bölegi, gerekli enjamlary gurmak we basyşy üpjün etmek maksady bilen, tapgyrlaýyn esasda gaz bilen doldurylýar. Bu gazgeçirijiniň doly işläp başlamagy ugrunda edilen ýene bir ädim boldy.
Türkmensitanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat Kakalyýewiçe we içeri işler ministri Hojanyýazow Öwezdurdy Geldiýewiçe “berk käýinç” yglan etdi. 4-nji oktýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Berdimuhamedow Amanowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy, şeýle-de Hojanyýazowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän... Читать дальше...
Pfizer/BioNTech waksinasynyň 2-nji sanjymy soňky alty aýyň dowamynda COVID-19-a ýoluganlaryň keselhanada bejergi almak ähtimallyklaryny ýokary derejede peseldýär diýip, ABŞ-da geçirilen barlaglarda bellenilýär. Lanset medisina žurnalynda 4-nji oktýabrda çap bolan maglumatda waksinanyň alty aýyň dowamynda wirus, şol sanda onuň has aňsatlyk bilen ýokuşýan delta görnüşi bilen kesellänleriň hassahanada bejergi almak zerurlygynyň öňüni almak boýunça 90% netijeliligi görkezýär. Emma barlaglara görä... Читать дальше...