Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji oktýabrda Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasyna ýer böleklerini kärendä bermek baradaky karara gol çekdi. Wise-premýer Şahym Abdrahmanowyň hökümet mejlsinde beren hasabatynda bu ýerleriň Hytaýyň “Bagtyýarlyk” territoriýasyndaky şertnamalaýyn çäkde, Önümi paýlaşmak ylalaşygy esasynda işleýän “International Ltd.» Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) beriljekdigi aýdyldy. Prezidentiň buýrugyna laýyklykda, Hytaýyň “International Ltd.” Milli... Читать дальше...
Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Post-sowet ýurtlarynyň hakyky taryhy we ol taryhy täzeden ýazmak synanyşyklary, bu mesele türkmen häkimiýetleriniň eýelän pozisiýalary barada 19-njy asyrdaky imperiýa taryhyny, şol sanda Merkezi Aziýadaky rus agalygyny öwrenýän taryhçy alym, Angliýanyň ýokary okuw jaýlarynda taryhdan sapak berýän professor Aleksander Morrison bilen geçiren söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Türkmenistanyň nobatdaky ilat ýazuwy “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygar astynda geçiriler. Ilat ýazuwynyň nyşanyny bolsa, Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri bezär. TDH Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwynyň şygaryny we nyşanyny tassyklandygyny habar berýär. Ilat ýazuwynyň şygarynyň we nyşanynyň taslamalary Statistika baradaky döwlet komitetinde taýýarlanypdyr. Döwlet baştutany geljek ýylda geçiriljek... Читать дальше...
“Moskwanyň Twerskoý etrap kazyýetiniň kazysy Aleksandr Merkulow şu gün, 1-nji oktýabrda meniň mart aýynda türkmen bosguny Rozgeldi Çöliýewi goldap, Russiýanyň DIM-ine iberen hatym sebäpli, adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkezine 300 müň rubl möçberinde (4000 dollara golaý) jerime saldy” diýip, hukuk goraýjy Witaliý Ponomarýewiň 1-nji oktýabrda öz Facebook sahypasynda paýlaşan maglumatynda aýdylýar. Ýatlatsak, türkmen blogçysynyň Şeremetýewo aeroportundaky döwlet serhet gözegçilik nokadynda gaçybatalga sorandygyna garamazdan... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurda etjek iki günlük resmi saparynyň öňüsyrasynda Özbegistanda öndürilýän önümleri satyn almak üçin şertnama baglaşmak hakyndaky kararlara gol çekdi. Prezidentiň kararyna görä, Türkmenistan 2022-2025-nji ýyllar aralygynda Özbegistandan 512 000 tonna fosforit ununy; 2022-2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine, gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleri import eder. Şeýle-de Aşgabat Daşkentden... Читать дальше...
Gürjüstanlylar iki bölünen Günorta Kawkaz ýurdunda dolandyryjy “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasyna referendum hökmünde garalýan ses berişlikde, tutuş ýurt boýunça häkimler we ýerli geňeşler üçin ses berýär. 2-nji oktýabrda geçirilýän ses berişlik bosgunlykda ýaşaýan öňki prezident Mihail Sakaşwili saýlawyň öňüsyrasynda, oppozisiýany jemlemek we proteste çagyrmak üçin dolanyp gelmezinden hem-de birnäçe sagat içinde tussag edilmezinden öňem çekeleşikli boljaga meňzeýärdi. 2018-nji ýylda gaýybana iş... Читать дальше...
Gazagystanyň kazyýeti 14 ýyl türmede oturan we golaýda keselhana ýerleşdirilen dissident şahyry boşatmagy buýurdy. 68 ýaşly Aron Atabegiň boşadylmagy baradaky buýruk Pawlodar şäher kazyýeti tarapyndan 1-nji oktýabrda berildi. Azatlyga çykandan soň, Atabek Almaty şäherine uçdy, howa menzilinde ony garşy almak üçin onlarça tarapdary ýygnandy. Şahyryň gyzy Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna kakasynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýtdy. 2007-nji ýylda polisiýa işgäriniň ölümine sebäp bolan protestleri... Читать дальше...
Türkmenistan 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramynyň 30 ýyllygyny belledi. Emma ozal Türkmenistan bu baýramy 27-nji oktýabrda belleýärdi. Bu taryhyň täzeden ýazylmagynyň ýene bir, şonuň bilen bir wagtda-da, synçylaryň pikiriçe, oňaýsyz synanyşygy boldy. Emma taryhyň sowet döwründen soňky öwrenilişinde bir topar oňyn tendensiýalar hem bar we taryhçylaryň soňky ýyllarda çap edýän wideolary barha kän adamyň ünsüni özüne çekýär. Azatlyk radiosy post-sowet ýurtlarynyň taryhy we taryhy täzeden öwrenmek we ýazmak meseleleri... Читать дальше...