Türkmenistanda COVID-19 alamatly keseliň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň habarlaryna görä, saglyk edaralarynda hassalar köpçülikleýin synagdan geçirilýär, köplenç koronawirusyň bardygy anyklanýar. Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik ýurduň häkimiýetleri çäklendirmeleri hasam güýçlendirýärler.
Tankytçylaryň pikiriçe, bu kanun Russiýanyň raýat jemgyýeti guramalaryny, adam hukuklaryny goraýjylary we syýasy aktiwistleri, şol sanda Kremliň aç-açan tankytçysy Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy gaznasyny nyşana almak üçin, eden-etdilikli ýagdaýda ulanyldy.
IIM-niň ýolbaşçylary ýygy-ýygydan, köplenç açyk aýdylmaýan "kemçilikleri" sebäpli täzelenip durýar. Synçylar soňky otuz ýyldaky 11 ministriň arasynda Poran Berdiýew bilen Isgender Mulikowyň öz wagtynda döwlet baştutanyna iň ýakyn duran we soň has agyr jeza çeken resmiler bolandygyny belleýärler.
Lebap welaýatynda döwlete degişli ençeme kärhananyň işgärlerine "ykdysady krizis, maliýe ýetmezçiligi sebäpli" indi üç aý bäri zähmet haklary berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda Lebapdan habar berdi.
IIM-niň ýolbaşçylary ýygy-ýygydan, köplenç açyk aýdylmaýan "kemçilikleri" sebäpli täzelenip durýar. Synçylar soňky otuz ýyldaky 11 ministriň arasynda Poran Berdiýew bilen Isgender Mulikowyň öz wagtynda döwlet baştutanyna iň ýakyn duran we soň has agyr jeza çeken resmiler bolandygyny belleýärler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýakynda Kongres tarapyndan ykrar edilen 900 milliard dollarlyk ykdysady hemaýaty “utanç” diýip atlandyrdy, şeýle-de oňa gol goýmajakdygyny ýaňzytdy. 22-nji dekabrda Twitter hasabynda ýerleşdiren wideosynda Tramp taslama weto goýjakdygyny göni aýtmasa-da, onda amerikanlary goldamak üçin ýeterlik hemaýatyň göz öňünde tutulmandygyny, şeýle-de başga köp harajatly çykdajylaryň bardygyny aýdyp, ony tankytlady. Taslama her bir amerikala 600 dollar möçberinde bir gezeklik maliýe hemaýatyny göz öňünde tutýar. Читать дальше...
Owganystanyň paýtagty Kabulda näbelli hüjümçiler saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz synçy toparynyň başlygyny öldürdiler. Kabul polisiýasynyň metbugat-wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Ýusuf Raşide we onuň sürüjisine garşy hüjüm 23-nji dekabrda ir bilen amala aşyrylypdyr. Hüjümiň netijesinde Raşid öldürildi, sürüji hem ýaralandy. Belli graždan aktiwisti Raşid düýbi Kabulda ýerleşýän Owganystanyň Azat we Adalatly Saýlaw Forumy toparynyň dolandyryjy ýolbaşçysydy. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Читать дальше...
23-nji dekabrda irden Fransiýa Britaniýa bilen öz serhetlerini açdy. Mundan öň, Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji edarasy Britaniýada COVID-19 wirusynyň has tiz ýaýraýan mutasiýasynyň öňüni almak üçin bu ada girizilen syýahat çäklendirmelerini aýyrmagy maslahat beripdi. Fransiýa bilen Britaniýanyň arasynda howa, demirýol we deňiz gatnawlary ýaňadandan ýola goýuldy. Şeýle-de, 72 sagadyň içinde geçirilen testiň netijesinde wirusyň ýokdugy anyklanan ýagdaýynda, ÝB-niň we Britaniýanyň raýatlaryna... Читать дальше...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 21-nji dekabrdaky gepleşik owgan tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyrylypdyr. Söhbetdeşligiň dowamynda iki tarapyň hem energetika, ulag we beýleki taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de howpsuzlyga we durnuklylyga howp salýan wehimler... Читать дальше...