Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri ýokary derejeli milli-döwlet hakerleriniň ogurlanan “gyzyl topar” gurallaryny üýtgedip, geljekde hökümete ýa-da senagat pudaklaryna garşy ulanyp biljekdigini aýdýarlar.
Soňky günlerde gara bazarda 29 manada çenli ýokarlanan dollaryň bahasy aşaklap, ol häzir 25-25,80 manat töwereklerinde saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” (AI) topary BMG-niň ekspertleriniň 1988-nji ýylda Eýranyň türmelerinde dissidentleriň gyrylmagy boýunça jogapkärçilik talap edip, Eýranyň hökümetine ýollan hatyna gowy baha berdi. Adam hukuklary boýunça ekspertler ýollan hatynda gyrgynçylyk bilen bagly ozal bolan we häzir dowam edýän kanunbozmalaryň “adamzada garşy jenaýat hökmünde häsiýetlendirilip bilinjekdigini” bellediler. Bu barada “Amnesty International” toparynyň 9-njy dekabrdaky beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...
Çilimiň gytlygy ýa bahalaryň yzygiderli gymmatlamagy çilim çeklýänleriň köpçülikleýin azalmagyna getirdi, çilim çekýänler azaldy diýip bolmaz, bu barada resmi metbugatda aýdylýan zatlar hakykata gabat gelmeýär diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly žurnalist aýtdy.
Minskiň iki ýaşaýjysy awgustda pitnä garşy polisiýa tarapyndan öldürilen protestçiniň heläk bolan ýerinde “Biz Ýatdan Çykarmarys!” diýen ýazgyny ýazany üçin, her biri iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Frunze etrabynyň sudy aýry-aýry diňlenişikde 26 ýaşly Maksim Paulýuşçygy we 25 ýaşly Uladzislau Hulisi huligançylykda günäli tapyp, şol günüň özünde olara tussaglyk hökümini çykardy. Paulýuşçyk bilen bile aýyplanan 25 ýaşly Mariýa Babowiç hem huligançylykda günäli tapylyp, şertli tussaglyk çäklendirmelerine çalymdaş... Читать дальше...
Türkmenistanda dowam edýän azyk krizisiniň arasynda, Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda çörek nobatlary saklanyp galýar. Howanyň temperaturasy gijelerine -7, gündizlerine 2 gradusa çenli ýetýän şu günlerde nobatdaky adamlaryň aglabasyny okuwçy çagalar we garry pensionerler emele getirýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji dekabrda Marydan habar berdi.
ABŞ-yň kiberhowpsuzlyk boýunça belli “FireEye” kompaniýasy “dünýä derejesindäki mümkinçilikleri bolan” hakerleriň hüjümine sezewar bolandygyny, şeýle-de hüjümi başga bir döwletiň maliýeleşdirendigine ynanýandygyny aýtdy. Kompaniýanyň direktory Kewin Mandia hakerleriň kärhananyň toryna girip, müşderileriň howpsuzlygyny synamaga niýetlenen tilsimleri ogurlandyklaryny aýtdy. “Hüjümçiler esasan belli-belli hökümet müşderilerine degişli maglumatlary gözlediler” diýip, Mandia 8-nji dekabrda belledi. Читать дальше...
ABŞ-yň prezidenti Donald Trampyň hukuk topary, Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudunyň Pennsilwaniýa ştatynda Jo Baýdeniň ýeňişini ýatyrmak baradaky arzasyny ret etmegine garamazdan, 3-nji noýabrdaky prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini üýtgetmek ugrundaky tagallalaryny dowam etdirmegi göz öňünde tutýar. ABŞ-nyň Ýokary sudy bu baradaky karary 8-nji dekabrda çykardy. Bu Trampyň, onuň hukuk toparynyň, şeýle-de Respublikan ýaranlarynyň saýlawlaryň netijelerini üýtgetmek boýunça tagallalaryna uly urgy boldy. Читать дальше...