"Türkmenistan habar we maglumat babatynda bir gara deşik bolup durýar" diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Jean Kaweliýer (Jeanne Cavelier) aýtdy.
Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda, Türkmenistanda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleriniň käbiri Mary welaýatynda çäkli möçberde satuwa çykarylan bolsa, Aşgabadyň "Teke bazarynda" satuwdan aýryldy. Bu ýagdaýlaryn jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky we paýtagtdaky habarçylary 18-nji dekabrda habar berdiler.
Gazagystan koronawirusa garşy Orsýetde döredilen Sputnik-V waksinasyny öndürip başlandygyny we indiki ýylyň başynda köpçülikleýin sanjymlary edip başlamagy planlaşdyrýandygyny aýdýar. Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin 21-nji dekabrda merkezi Garagandy şäherindäki derman öndüriji kompleksinde Sputnik-V waksinasynyň önümçiligini resmi taýdan açdy. Hökümetiň metbugat gullugy Gazagystanyň köpçülikleýin waksina planynyň 2021-nji ýylyň fewral aýynda durmuşa geçirilip başlanjakdygyny, ilkinji nobatda saglygy saklaýyş işgärleri... Читать дальше...
20-nji dekabrda geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerine görä, Bosniýa-Herzegowinanyň etniki taýdan bölünen Mostar şäherinde soňky 12 ýylda geçirilen ilkinji ýerli saýlawlarda agdyklyk edýän milletçi bosniak we horwat partiýalary iň köp ses aldy. Emma köpmilletli BH blogyny öz içine alýan has kiçi syýasy partiýalar hem 35 agzaly şäher geňeşinde orun aldy we indiki häkim kesgitlemekde täsir edip biljek orny eýeledi. Koronawirus pandemiýasy we saglyk düzgünleriniň berjaý edilmeginde geçirilen ses berişlige ilatyň 55% gatnaşdy. Читать дальше...
Azerbaýjanyň iň uly bankynyň tussag edilen öňki başlygynyň aýaly, Londonyň Harrods dükanynda on ýylda 16 million funtdan gowrak (21,3 million dollar) pul sarp eden aýaly, pulunyň çeşmesini açmak boýunça suduň kararyna garşy eden soňky arzy ret edildi. Britaniýanyň Ýokary sudy 21-nji dekabrda Zamira Hajiýewanyň Britaniýanyň Milli jenaýat gullugy (NCA) tarapyndan düşündirilmedik baýlygyna degişli gozgan sud işinden şikaýat edip, ýazan arzasynyň ret edendigini aýtdy. Hajiýewa indi öz baýlygynyň çeşmesini düşündirip bilmese... Читать дальше...
Moderna COVID-19 waksinasyny adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak dügünleşdirilenden soň ilkinji sanjymlaryň 21-nji dekabrda ABŞ-da edilip başlanjagyna garaşylýarka bu oňyn habara Britaniýada koronawirusyň mutasiýasynyň döremegine degişli aladalanmalar kölege saldy. Dünýä ýurtlarynyň hökümetleri wirusyň mutasiýasy zerarly Britaniýa bilen aragatnaşygy kesmek ugrunda adatdan daşary çäreleri görüp başlady. Moderna ABŞ-da ulanylyp başlan ikinji waksinadyr. Geçen hepdede ýurtda ýokanç keseliň güýçli depginde ýaýrap... Читать дальше...
Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda, Türkmenistanda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleriniň käbiri Mary welaýatynda çäkli möçberde satuwa çykarylan bolsa, Aşgabadyň "Teke bazarynda" satuwdan aýryldy. Bu ýagdaýlaryn jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky we paýtagtdaky habarçylary 18-nji dekabrda habar berdiler. Ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleri 17-nji dekabrda irden sagat 5:00-da Mary şäheriniň "Maru-şahu jahan" bazaryndaky ýerzeminde, hökümetiň gurnan göçme dükanlarynda satuwa çykaryldy. Читать дальше...