Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda COVID-19 keseli köpelýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu keseliň Aşgabadyň birnäçe mekdebinde ýüze çykandygyny habar berdiler. Käbir çagalar mekdepden hassahana äkidilýär. Bu aralykda, köpler halk bejeriş usullaryna ýüz tutýarlar, häzirki wagta çenli iň meşhurlary it ýagy we üzärlik.
Angliýanyň kazyýeti Gazagystanyň BTA bankyndan ogurlanandygy aýdylýan milliardlarça dollar bilen baglylykda 5 milliard dollara çenli emlägi doňdurdy.
Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” 20 manatdan pul ýygnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda habar berdi.
Türkmenistanda howanyň sowamagy bilen, öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin has kyn günler başlandy. Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy öýsüzleriň öňki horluklarynyň üstüne güýç gurluşlarynyň wekilleriniň elinde barha kän mugt işçi güýjüne öwrülmek howpunyň hem goşulandygyny habar berýär.
ABŞ-nyň Adalat departamenti 2020-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini üýtgetjek köp sanly ses galplyklaryň bolandygy barada delil tapmady diýip, baş prokuror William Barr 1-nji dekabrda Associated Press gullugyna beren interwýusynda aýtdy. Prezident Donald Trampyň iň ýakyn ýaranlarynyň biri Barryň beýanaty Trampyň we onuň hukuk toparynyň saýlawlaryň netijelerini üýtgetmek synanyşygynda eden öňe sürmeleriniň ähmiýetini gaçyrýar. Barryň sözlerine görä, ABŞ prokurorlary we Derňewler... Читать дальше...
Howanyň sowamagy bilen, Türkmenabatdaky öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin has kyn günler başlandy. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy öýsüzleriň öňki horluklarynyň üstüne güýç gurluşlarynyň wekilleriniň elinde mugt işçi güýjüne öwrülmek howpunyň hem goşulandygyny habar berýär.
2-nji dekabrda NATO-nyň daşary işler ministrleri transatlantik ýaranlygyny reformalaşdyrmak we ony pugtalandyrmak boýunça pikirleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýän iki günlük onlaýn konferensiýany jemleýärler. Konferensiýanyň birinji gününde ministrleriň dykgatyna hasabat hödürlenip, onda ýaranlygyň täze wehimlere, şol sanda “dyzmaçlyk edýän agressiw Russiýa” we “Hytaýyň kuwwatlanmagyna” garşy durmak üçin uýgunlaşmalydygy bellenilýär. NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (Aşgabat... Читать дальше...
Hong Kongda hökümete garşy rugsat berilmedik protestlere garşy geçen ýyl kabul edilen kanuna laýyklykda, 2-nji dekabrda demokratik aktiwistler Joşua Wong, Agnes Çow we Iwan Lam türme tussaglygyna höküm edildiler. Hytaý geçen ýyl ýarym-awtonom Hong Kongda ençeme aýlap geçirilen hökümete garşy protestleriň netijesinde, bu sebitdäki gözegçiligini güýçlendirdi. Protestleriň dowamynda demonstrantlar bilen polisiýanyň arasynda gazaply çaknyşyklar hem bolupdy. Wong geçen ýylyň iýunynda protestleri gurnandygyny... Читать дальше...
Britaniýa dünýäde ilkinji ýurt bolup düýbi Germaniýada ýerleşýän BioNTech farmasewtiki kärhanasynyň ABŞ-nyň Pfizer kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyka döreden waksinasyny ulanyş üçin tassyklady we ony öňümizdäki hepdeden başlap ýaýradyp başlamagy göz öňünde tutýar. Bu barada gürrüňi gidýän iki derman kärhanasy Nýu-Ýorkda we Germaniýanyň Mainz şäherinde mälim etdiler. Munuň bilen, Britaniýa koronawirus waksinasyna Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan has ir eýe bolar. Pfizer kompaniýasynyň baş dolandyryjysy... Читать дальше...