Aşgabatly edebiýatçynyň sözleri bilen aýtsak, bu ýyllarda “ýazyjylar hem, olaryň okyjylary-da, biziň halkymyzyň geçmişi, şol sanda döwründe bir topar adama iş beren, okuw-sowat öwreden adamlar-da sowet ideologiýasynyň ýesir bolup galdy”.
Rumyniýalylar parlament saýlawlarynda ses berýärler. Bu saýlaw ýewropa tarapdar liberallaryň koronawirus pandemiýasyna garşy gören çäreleriniň tankytlaýan wagtynda häkimiýet başynda galyp-galmajagyny kesgitlär. Saýlawçylar 6-njy dekabrda, Milli Liberal Partiýanyň azlyk hökümeti korrupsiýa dawa-jenjelleri we köpçülikleýin nägilelikler netijesinde dargan Sosial-Demokratik Partiýanyň hökümetinden üstün çykandan bir ýyl soň, senatorlary we wekilleri saýlaýarlar. Premýer-ministr Lýudowiç Orbanyň ýolbaşçylygyndaky... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Jorjada, respublikan senatorlaryň ikinji tapgyr bäsleşigi üçin guralan ýygnanyşykda geçen aýda geçirilen prezident saýlawy barada has kän esassyz şikaýat etdi. Senatorlaryň ikinji tapgyr bäsleşigi Senatdaky partiýalaryň haýsysynyň köplük boljagyny kesgitlemeli. Jo Baýdeniň ýeňendigini şindi hem boýun almaýan we saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygyny hepdeläp öňe süren Tramp 5-nji dekabrdaky ýygnanyşygy hem 3-nji noýabrda geçirilen saýlawlaryň dogrulygyna şübhe bildirýän şikaýatlaryny gaýtalamak üçin ulandy. Читать дальше...
Moskwada koronawirusa garşy sanjym başlandy. Şäher poliklinikalarynda “Sputnik V” sanjymyny mugt amala aşyrýan ilkinji nokatlaryň her gün işlejekdigi habar berilýär. Bilim edaralarynyň, durmuş üpjünçiliginiň we saglygy goraýyş edaralarynyň 18, 60 ýaş aralygyndaky işgärleri, dowamly keselleri bolmasa, sanjym üçin ýazylyp biler. Şäher häkimliginiň habaryna görä, sanjymlar üçin ilkinji bäş sagatda bäş müň adam hasaba alyndy. Russiýada soňky 24 sagadyň dowamynda 28 782 COVID-19 ýokuşmasy hasaba alyndy. Читать дальше...
Özbegistanyň ilkinji prezidenti, merhum Yslam Karimowyň uly gyzy Gulnara Karimowa Şweýsariýada geçirilen kazyýet işinde ýeňiş gazandy. “Bloomberg” neşiriniň maglumatyna görä, bu ýeňiş oňa doňdurylan 350 million dollaryny yzyna almak mümkinçiligini berer. Şweýsariýanyň Federal şikaýat kazyýeti 3-nji dekabrda Gulnara Karimowanyň Gibraltarda hasaba alnan "Takilant Ltd." kompaniýasynyň kanuny peýdalanyjysydygy baradaky şikaýata goldaw bildirdi. Bu kompaniýanyň serişdeleri 2018-nji ýylda açylan jenaýat... Читать дальше...
Demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynda dokuz ýaşly etniki türkmen Abdyraufyň näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylmagy türkmenleriň arasynda gahar-gazap döretdi. Bir aý gowrak mundan ozal, Abdyrauf öz deň-duşlary bilen mekdebe barýarka dört-bäş sany şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçyldy. Olar häzirki wagtda ýaş çagany zamun saklaýar, onuň hossarlaryndan 1, 5 million dollar girew soraýar. Abdyraufyň hossarlary hökümet güýçlerinden öz çagalarynyň halas edilmegini talap edýär. Ýöne... Читать дальше...