Kiýewiň merkezindäki Maýdanda, Garaşsyzlyk meýdançasynda gündogar Ukrainadaky parahatçylykly ylalaşyk prosesinde Orsýete eglişik etmeklige garşy miting geçirildi. Guramaçylary tarapyndan "halk weçesi (geňeşi) diýlip atlandyrylan çärä birnäçe müň adam gatnaşdy. Olar diňe ukrain simwollary we "Tabynlygy togtat" diýen şygar astynda çykdylar, partiýa simwollary bilen gelmediler. Emma muňa garamazdan, olaryň talaby birnäçe oppozision partiýa, şol sanda Petro Poroşenkonyň "Ýewropa raýdaşlygy" tarapyndan hem goldanylýar. Читать дальше...
Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh Hytaýyň milli nebit kompaniýasynyň Eýranyň Pars aýlagyndaky ägirt uly günorta Pars tebigy gaz ýatagyny özleşdirmäge kömekleşmek boýunça 5 mlrd dollarlyk ylalaşykdan çekilendigini aýdýar Zanganehiň ministrligiň SHANA websaýtynda yglan eden habary Birleşen Ştatlaryň hem Eýrana, hem Hytaýa edýän ykdysady basyşlarynyň arasyna gabat geldi. Şeýle-de bu habar sebitde Eýran bilen Britaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň harby-deňzi güýçleriniň arasynda dörän tapgyrlaýyn gapma-garşylyklaryň yzyndan eşidildi. Читать дальше...
“Hytaý umumylykda 250 milliard kub metr türkmen gazyny import etdi” diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Sun Weýdun hökümete ýakyn “Türkmenportal” neşiri bilen söhbetdeşlide aýtdy.
Kosowadaky saýlawçylar 6-njy oktýabrda korrupsiýa, ýokary derejeli işsizlik we goňşy Serbiýa bilen gowy bolmadyk goňşuçylykaladalarynyň arasynda irki saýlawlarda ses berýärler. 120 kanun çykaryjyny saýlamak üçin 1.9 million çemesi raýatyň ses bermek mümkinçiligi bar, bu Kosowanyň 2008-nji ýyldan Serbiýadan garaşsyzlygyny jar edeli bäri geçirýän bäşinji saýlawy bolup durýar. Kosowa, ortaça 29 ýaş bilen Ýewropanyň iň ýaş ilatly ýurdy bolup durýar we soňky onýyllykda ortaça dört prosent ykdysady ösüş gazandy. Читать дальше...
Hindi aktiwistleri we ABŞ senatory Kaşmiriň hindi dolandyryşyndaky bölegine goýberilmedi, dawaly gimalaý sebitinde tasdan doly petiklenme esasynda üçünji aýa giren dartgynlyklar ýokary bolmagynda galýar. Kongres delegasiýasynyň çäginde Hindisatana sapar edýän senator Kris Wan Hollen (Chris Van Hollen, demokrat-Meriland) we magaryf reformaçysy Sandeep Pandey 5-nji oktýabrda Nýu-Deliniň özlerine Kaşmire syýahat etmek rugsadyny bermekden ýüz öwrendigini aýtdy. Hollen Nýu-Delide žurnalistlere özüniň ol ýerdäki ýagdaýlary görmek... Читать дальше...
Birleşen Ştatlar we Gresiýa täzelen goranmak-hyzmatdaşlygy paktyna gol çekdi, döwlet sekretary Maýk Pompeo bu çäräniň sebitdäki döwletleriň hiç birine, şol sanda Türkiýä garşy hem gönükdrilmändigini aýtdy. Şol bir wagtdaPompeo5-nji oktýabrda, Aina sapary mahalynda Orsýetiň NATO ýarany Gresiýawe onuň goňşularyna ýetirýän “bentniýet” täsirine salgylandy we Eýrandyr Hytaýy tankyt etdi. Pompeo tarapyndan yglan edilen şertnama Larissada, Stefanovikioda weAlexandroupolide bilelikdäki ABŞ-Gresiýa we NATO işjeňlikleriniň ýokarlandyrylmagyny... Читать дальше...
Islendik ýurtda syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýy teswirlemekde komediýanyň we komediýaçylaryň, ýagny wäşileriň oýnaýan roly möhüm bolup durýar. Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen komediýasynyň geçen ýoly, onuň häzirki ahwaly barada gürrüň gozgalýar.