Moskwa polisiýasy 27-nji iýulda oppozisiýa wekilleriniň şäher geňeşiniň saýlawlarynda bäsleşmäge goýberilmezligine gaşy çykan demonstrasiýaçylary we oppozisiýa wekillerini urdy we tussag etdi. Moskwa polisiýasy ygtyýar berilmedik ýygnanyşyk mahalynda müňden gowrak demonstrasiýaçyny tussag edendigini aýtdy. Adam hukuklaryny goraýan toparlar polisiýanyň gazaply basyp ýatyrmasyny rus häkimiýetleri üçin “täze peslik” atlandyrdylar.
Moskwa şäher geňeşiniň Adalatly Orsýet partiýasyndan saýlanan oppozision deputat Aleksandra Paruşina polisiýanyň kellesine urandygyny aýdýar. Bu waka 27-nji iýulda, Moskwanyň meri Sergeý Sobýaniniň edarasynyň golaýyndaky protestçiler “gazaply” dargadylýan wagtynda boldy. Ol rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany bolan Sobýaniniň işden çekilmegine çagyrýar. Demonstrasiýaçylar saýlaw resmileriniň Moskwadaky munisipal saýlawlarda dalaşgär boljak oppozisiýa wekilleriniň käbirini hasaba almakdan boýun gaçyrmaklaryna garşy protest bildirýärler.
Liwiýanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti öz halas edijileriniň şu ýyl Ortaýer deňzinde bolan iň heläkçilikli gämi hadysasyndan soň, Ýewropa barýan migrantlaryň 62 sanysynyň jesedini tapandyklaryny aýtdy. "Biziň Gyzyl Ýarymaý toparymyz 25-nji iýuldan bäri 62 migrantyň jesedini suwdan çykardy” diýip, bu birleşigiň başlygy Abdelmoneim Abu Sbeih 26-njy iýulda aýtdy. Kömek agentlikleri 25-nji iýulda, Liwiýanyň kenarlarynda gämileri çökensoň, 150 çemesi migrantyň, şol sanda çagalaryň tapylmaýandygyny aýtdylar. Читать дальше...
Täze tapylan german dokumentleri 20-nji asyryň iň bir ýakymsyz wakalarynyň birine – Berlindäki Reýhstag binasynyň otlanmagyna aýdyňlyk getirip biler. Germaniýanyň habar neşirleri 26-njy iýulda Hannower şäheriniň sudunyň arhiwlerinden täze şaýat görkezmeleriniň tapylandygyny habar berdi. Sud dokumentleriň asyl nusgadygyny tassyk etdi. Adolf Hitler 1933-nji ýyldaky ýangyny kommunistleriň dil düwüşmesi hökmünde ulandy we bu hadysany hakykatda konstitusiýanyň hereketini togtamak we öz diktatorlygyna ýol arçamak üçin peýdalandy. Читать дальше...
Owganystanda “Talybanyň” gurnan kast ediş hüjüminde azyndan üç sany polisiýa ofiseri öldürildi, 12-si bolsa ýaralandy. Polisiýanyň sözçüsi 27-nji iýulda janyndan geçen hüjümçiniň günorta-gündogardaky Gazni welaýatynda polisiýanyň baş edarasyny nyşana alandygyny aýtdy. Ol bu welaýatyň köp ýerine kontrollyk edýän “Talybanyň” Ab Band etrabyna hüjüm etmek üçin ogurlanan “Humvee” harby maşynyny ulanandygyny aýtdy. “Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid partlamanyň jogapkäriligini öz üstlerine aldy. Читать дальше...
27-nji iýulda türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri, aýdymçylar, şortalar we toý dabaralaryny alyp baryjylar sosial ulgamlarda prezident hakynda sosial ulgamlarda we rus mediasynda ýaýradylan ýakymsyz gürrüňlere garşy “durýalan” kampaniýasyna başlady.
Owgan zenanlarynyň hak-hukuklary ugrunda göreşýän aktiwist Jamila Afghani “Talyban” bilen baglaşyljak islendik parahatçylyk ylalaşygynda öz ýurdunyň aýal-gyzlarynyň hem özlerine dahylly kararlar boýunça pikiriniň diňlenmelidigini, olaryň aladalarynyň nazara alynmalydygyny aýtdy. “Owgan aýallary özlerine dahylly kararlaryň kabul edilmegine doly manysynda gatnaşyp bilmeli” diýip, ol BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy iýuldaky ýygnanyşygynda, Kabuldan wideo aragatnaşygy arkaly eden çykyşynda aýtdy. Читать дальше...
Orsýetiň paýtagty Moskwada, polisiýanyň ygtyýar berilmedik ýygnanyşygyň öňünden aýaga galdyrylmagy bilen, 300-den gowrak adam, şol sanda birnäçe oppozisiýa agzasy tussag edildi. 27-nji iýuldaky demonstrasiýa Moskwa häkimiýetleriniň sentýabrda geçiriljek ýerli saýlawlara dalaşgär bolmak islän oppozisiýa kandidatlarynyň birnäçesini hasaba almakdan ýüz döndermegine garşylyk görkezmek üçin planlaşdyryldy. Esasy protest lideri Alekseý Nawalnyý türmede hem bolsa, guramaçylar 27-nji iýuldaky ýygnanyşygyň... Читать дальше...