Türkmenistanyň Mary şäheriniň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi dowam edýär. Howanyň gyzgynlygy 46 gradusa çenli ýetýän şu günlerde şäheriň ýaşaýjylarynyň ençemesi zähmet we talyp haklaryny nagtlaşdyrmak üçin bankomatlaryň ýerleşýän ýerlerine aýlanýarlar.
Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşendigini we ony doglan güni bilen gutlandygyny aýdýar.
Russiýanyň tanymal oppozisioneri Alekseý Nawalnyý ylgamak üçin Moskwadaky öýünden çykandan gysga wagt soň, polisiýa tarapyndan tussag edilendigini aýdýar. 24-nji iýulda Instagram sosial ulgamynda çap edilen we Moskwanyň polisiýa merkezinde düşürilen gysga wideoda Nawalnyý türgenleşige başlanda, öýüniň golaýynda Russiýanyň ýörite polisiýa güýçleriniň ulagyny görendigini we şondan gysga wagt soň özüniň tussag edilendigini belledi. Ol özüniň tussag edilmeginiň sebäpleri barada polisiýa tarapyndan... Читать дальше...
Gazak häkimiýetleri ýurduň Akmola regionynda bikanun awçylar tarapyndan ýabany haýwanat dünýäsini goraýan bir adamyň öldürilendigini aýdýarlar. Bu şu ýylyň dowamynda ýitip gitmek howpy abanýan saýgak keýiklerini bikanun awlaýanlar tarapyndan öldürilen ikinji adamdyr. Gazagystanyň resurslar boýunça ministri Maghzum Myrzagaliýewiň 23-nji iýulda Astanada habarçylara beren maglumatyna görä, Kanyş Nurtazinow atylyp öldürildi we onuň kärdeşi Samat Ospanow ýaralandy. Bu waka Nurtazinow we Ospanow saýgak... Читать дальше...
Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli ýene bir adam tussag boldy. Dini meseleler boýunça iş alyp barýan "Forum-18" agentligi "Ýegowa şaýatlary" guramasyna degişli 19 ýaşly türkmenabatly Bahtyýar Atahanowyň 4 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berýär. 24-nji iýulda çap bolan maglumata görä, türkmenistanly ýaş ýigit harby geýimini geýmekden we harby kasam etmekden ýüz öwrüpdir we oňa Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 344-nji maddasynyň ikinji bölegi boýunça iş kesilipdir. Prokuror... Читать дальше...
Günorta Koreýanyň resmileri Russiýanyň öz harby uçarlarynyň biriniň Günorta Koreýanyň howa giňişliginiň çäklerine gireni üçin “çuňňur gynanç” bildirendigini aýdýarlar.
Birleşen Ştatlarda Rumynýadan üç adam $21 milliondan gowrak pul serişdesine barabar galplykda aýyplanyp, degişlilikde dört ýyldan sekiz ýyla çenli aralykda türme tussaglygyna höküm edildi. Bu topar müňlerçe adama “phishing” hatlaryny ulanmak arkaly Rumynýadan Birleşen Ştatlaryň kompýuterlerini döwüp açdy we raýatlaryň sosial ätiýaçlandyryş belgilerini hem-de arka hasap maglumatlaryny ogurlady diýip, ABŞ-nyň Adalat departamenti özüniň 23-nji iýulda ýaýradan habarynda aýtdy. “Phishing” hatlary ... Читать дальше...
23-nji iýulda Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde onlarça çaga şäheriň suw çüwdüriminde suwa düşenden soňra gyssagly ýerli hassahana alnyp baryldy. Habarowsk Kraý regionynyň häkimlik wekilleriniň 24-nji iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, dürli ýaşdaky 37 çaganyň ýüregi bulaşyp, garnynda güýçli agyrylar emele geldi. Resmiler 19 çaganyň keselhanada, galan 18 sanysynyň öýünde saglyk bejergisini alýandygyny belleýärler. Çagalara “norowirus" bilen zäherlenendigi barada diagnoz goýuldy. Читать дальше...