Türkmenistanyň Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri hususy eýeçilikdäki ulagynda kireý edýän sürüjiler bilen bir hatarda, awtoulagly raýatlary hem saklap, olara dürli bahanalar bilen pul jerimesini salýarlar.
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýär diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine salgylanyp, “Praým” neşiri habar berýär.
Aşgabadyň Onkologiýa merkeziniň binasynda sowadyjylar işlemeýär. Bu barada paýtagtyň merkezindäki bu keselhana baryp gaýdan Azatlygyň habarçylary 16-njy iýulda gürrüň berdiler. - Häzir tomsuň 47 gradusa ýetýän iň yssy pursadynda köp gatly binanyň içerki sowadyjy sistemasy işlemeýär. Merkeziň içi hassalardan hyryn-dykyn, adamlar analizlerini tabşyrmak üçin her bir kabinetiň öňündäki nobatlarda birnäçe sagadyny yssyda geçirýärler, käbirler özünden gidýärler. Lukmanlaryň kabinetleriniň içinde hem howa dymyk. Читать дальше...
Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin Moskwanyň Saýlaw Komissiýasynyň ony paýtagtyň şäher geňeşine, ýagny şäher Dumasyna geçirilýän saýlawlardan çetleşdirmek baradaky kararyna şikaýat etjekdigine söz berdi. Moskwanyň Krasnoselskiý munisipal etrabynyň başlygy Ýaşin bu barada özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, ol garaşsyz dalaşgärler tarapyndan geçiriljek gündelik ýörişlere gatnaşjakdygyny hem mälim etdi. Ýaşiniň sözlerine görä, Komissiýa sentýabrdaky saýlawlara gatnaşmak... Читать дальше...
Birleşen Milletler Guramasy Eýranyň daşar işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň şu hepde BMG-niň maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka edýän sapary bilen baglylykda ABŞ-nyň eýran resmisine girizen syýahat çäklendirmelerine alada bildirdi. Zarif Nýu-Ýorka 14-nji iýulda geldi. Onuň 17-nji iýulda geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyklaryň fonunda, saparyň amala aşmagyna gol goýdy. Читать дальше...
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Russiýanyň S-400 raketa goranyş ulgamynyň 2020-nji ýylyň aprelinde doly ornaşdyryljakdygyny aýtdy. Türkiýäniň rus ulgamyny satyn almagy, onuň NATO ýaranlary, hususanda ABŞ bilen dartgynlylyklaryny artdyrdy. Waşington Ankaranyň bu ädimine sanksiýalar bilen jogap berjekdigini duýdurypdy. Erdogan 2016-njy ýyldaky başa barmadyk harby agdarylyşygyň üçünji ýyl dönümine gabatlap 15-nji iýulda eden çykyşynda eýýäm sekiz uçar bilen rus ulgamynyň bölekleriniň gelendigini... Читать дальше...
Pakistanyň awiasiýa resmileri ýurduň howa giňişliginiň raýat uçuşlary üçin doly açylandygyny mälim etdiler. Fewral aýynda Pakistan Hindistan bilen ýüze çykan dartgynlylyklaryň fonunda öz howa giňişligini ýapypdy. Şonda düýbi Pakistanda ýerleşýän jeňçi topary Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde polisiýanyň kerwenine hüjüm edip, 40 ýarym-harby polisiýa işgärini öldüripdi. Munuň yzy bilen, iki ýurt hem birek-bireginiň territoriýasyna howa hüjümlerini amala aşyrdylar, şeýle-de harby... Читать дальше...
Russiýanyň Tatarystan regionynyň şahsy mekdepleriniň biriniň direktory rus federal resmileri tarapyndan sebitiň mekdeplerinde tatar diline girizilen bölekleýin gadagançylyga garşy Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň Suduna (ECHR) arza bilen ýüz tutdy. 2017-nji ýylda Russiýanyň Bilim ministrligi tatar kanunçykaryjylaryna her gün mejbury bolan tatar dili sapaklaryny meýletin sapaklar bilen çalyşmak, şeýle-de olary hepdede iki sagada çenli getirmek barada görkezme beripdi. Bu ädim Tatarystanda we... Читать дальше...