Türkmenistanyň Mary welaýatynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň işgärleri öz aýlyk haklarynyň gijikdirilmeginden kösenýän bolsa, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Aşgabadyň çetinde ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary içimlik suwsuz galýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary, hususan-da Aşgabadyň düzümine girýän Gökje, Ýasmansalyk we Herrikgala obalaryndaky häzirki ýagdaý barada habar berýärler. "Aşgabadyň günbatar böleginde Gökje obasy bäş gün bäri suwsuz galýar. Ýaşaýjylar suwy ýoly düşen ýagdaýynda alýarlar. Awtoulagy bolmadyklaryň güni has agyr. Häkimligiň etraba jogapkär resmisi suw üpjünçiligini ýakyn günlerde ýola goýmagy wada berdi" diýip, Azatlygyň habarçysy 22-nji iýulda habar berdi. Читать дальше...
Geçen dynç alyş günlerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi baradaky habar ýaýrady. Ýöne Aşgabadyň Orsýetdäki hem Gyrgyzystandaky ilçihanalary ol informasiýany ýalana çykardy. Mundan öňinçä döwlet telekanaly 62 ýaşly Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda öz aýdymlaryny diňläp, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopediýasynyň nobatdaky tomunyň üstünde işleýändigini habar beripdi. Soňky ýyllarda Berdimuhamedowyň agyr keseldigi barada habarlar peýda bolup başlady. Ol... Читать дальше...
23-nji iýulda Günorta Koreýanyň uçarlary Russiýanyň harby uçary Günorta Koreýanyň Gündogar deňzindäki howa giňişligine gireni üçin oňa iki gezek duýduryş okuny atdylar diýip, Reuters habarlar agentligi Milli Howpsuzlyk ministrligine salgylanyp habar berdi.
Russiýanyň Krasnoýarsk, Irkutsk, Ýakutiýa, Ýamal we Burýatiýa regionlarynda 170 müň gektara golaý tokaý zolagynyň ot alýandygyny, TASS habarlar agentligi Tokaýy howadan goramak gullugyna salgylanyp habar berdi. “The Siberian Times” neşiri “Rospotrebnadzor” döwlet edarasyna salgylanyp, howadaky gigiýena standartlarynyň bolmaly normadan 1,2 - 2,3 esse geçendigini aýdýar. 171 ýerde dörän ýangyny öçürmek işlerine 2 müňden gowrak adam we tehniki serişdeleriň 303 sany birleşigi gatnaşýar. Soňky 24... Читать дальше...
Eýranyň aýdýan islendik zadyny “şübhe bilen” kabul etmeli diýip, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary 22-nji iýulda telewideniýede görkezilen interwýusynda aýtdy. Birleşen Ştatlaryň "WFTV 9" atly ýerli stansiýasy Maýk Pompeodan CIA-iň, ýagny ABŞ-nyň Merkezi derňew agentliginiň içaly halkasy bilen ilteşikli tussag etmeler barada Tähranyň öňe sürmelerine jogap bermegi soranda, ol “hemme kim örän müňkür bolmaly” diýdi. “Olar [Eýran] köp ýyllaryň dowamynda köp zat barada ýalan sözledi” diýip, Pompeo sözüniň üstüne goşdy. Читать дальше...
Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad özüniň soňky parahatçylyk missiýasyna başlamak üçin Kabula barýar. Bu sapar soňky hepdelerde Owganystanda urşuň güýçlenen mahalynda amala aşýar. 1-nji awgusta çenli dowam etjek saparyň çäginde Halilzad Katara hem barar. Bu sapar Owganystanda konfliktiň soňuna ýetjek parahatçylyk prosesi ýeňilleşdirmek üçin umumy tagallalaryň bir bölegidir” diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti mälim etdi. Kabulda Halilzad “parahatçylyk... Читать дальше...
Russiýanyň iň uly ikinji şäheri Sankt-Peterburgda LGBT jemgyýetiniň hukuklaryny gorap çykyş edýän Ýelena Grigorýewa öldürildi diýip, “Fontanka” ýerli online gazeti polisiýa salgylanyp habar berdi. Ol 20-nji iýulda öýüniň golaýynda öli tapyldy, onuň bedeniniň ençeme ýerinde pyçagyň ýara yzlary bardy we ol bogulan ýaly bolup görünýär diýip, “Fontanka” online gazeti, şeýle-de oppozision aktiwist Dinar Idrisowyň Facebookda çap eden maglumatynda we Russiýanyň LGBT jemgyýeti habar berýär. Idrisow Grigorýewa ençeme gezek haýbat atylandygyny aýtdy.
Täjigistanyň Barzob raýonyndan bolan 19 ýaşly gyz özüni obadaşynyň zorlap, hiç ýere arz etme diýip, haýbat atandygyny aýdýar.