Russiýanyň tanymal oppozisioneri Alekseý Nawalnyý ylgamak üçin Moskwadaky öýünden çykandan gysga wagt soň, polisiýa tarapyndan tussag edilendigini aýdýar.
24-nji iýulda Instagram sosial ulgamynda çap edilen we Moskwanyň polisiýa merkezinde düşürilen gysga wideoda Nawalnyý türgenleşige başlanda, öýüniň golaýynda Russiýanyň ýörite polisiýa güýçleriniň ulagyny görendigini we şondan gysga wagt soň özüniň tussag edilendigini belledi.
Ol özüniň tussag edilmeginiň sebäpleri barada polisiýa tarapyndan maglumat berlendigini ýa-da berilmändigini aýtmady.
Kremliň tankytçysy Moskwada rugsat edilmedik proteste gatnaşandygy üçin 10 günlük tussaglyga höküm edilenden soňra, 11-nji iýulda türmeden boşadylypdy.