Liwiýanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti öz halas edijileriniň şu ýyl Ortaýer deňzinde bolan iň heläkçilikli gämi hadysasyndan soň, Ýewropa barýan migrantlaryň 62 sanysynyň jesedini tapandyklaryny aýtdy.
"Biziň Gyzyl Ýarymaý toparymyz 25-nji iýuldan bäri 62 migrantyň jesedini suwdan çykardy” diýip, bu birleşigiň başlygy Abdelmoneim Abu Sbeih 26-njy iýulda aýtdy.
Kömek agentlikleri 25-nji iýulda, Liwiýanyň kenarlarynda gämileri çökensoň, 150 çemesi migrantyň, şol sanda çagalaryň tapylmaýandygyny aýtdylar.
BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi 25-nji iýuldaky gämi heläkçiligini şu ýylda “Ortaýer deňzinde bolan iň aýylganç betbagtçylyk” hökmünde häsiýetlendirdi.
BMG-niň başlygy Antonio Guterres bolsa, özüniň deňizde bolan soňky betbagtçylygy eşidip, “hopugandygyny” aýtdy.
"Bize migrantlar we bosgunlar üçin howpsuz, kanuny ýollar zerur. Gowurak durmuş gözleýän her bir migrant howpsuzlyga we mertebä mynasyp” diýip, ol twitterde ýazdy.