Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2018

Новости за 29.10.2018

Azathabar.com 

Gürjüstanda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler

Gürjüstanda barýan perzident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler. Sebäbi Fransiýada doglan öňki daşary işler ministri Salome Zurabişwili, birinji tapgyrda gazanan sesleri az-kem ýokary bolsa-da, iň ýakyn bäsdeşi bilen güýç synanyşmazlyk üçin ýeterlik ses alyp bilmedi.

Azathabar.com 

“Biziň adymyzdan däl” - Dokuzynjy gepleşik

Näme sebäpden ýüzlerçe gyrgyzystanly Siriýa we Yraga söweşe gidýärler? Olaryň dostlary, goňşulary bu barada nähili pikirde? Munuň bilen nädip göreşmeli? “Biziň adymyzdan däl” – Merkezi Aziýa sebitini öz içine alýan regional TW proýektidir.

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýer gaznasy döredildi

Türkmenistanda jemi 117 müň 774,9 gektar möçberde oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi. Bu barada 26-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer prezidente hasabat berdi.

Azathabar.com 

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde jaý almak islegiňiz barmy?

Aşgabadyň häkimiýetleri Olimpiýa şäherçesiniň territoriýasynda ýerleşýän jaýlary satýarlar. Bu jaýlarda geçen ýyl aziýa oýunlarynyň dowamynda sportsmenler ýaşapdy.  Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesiniň sözlerine görä, doly üpjün edilen jaýlar häzirki wagtda ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň işgärlerine hödürlenýär.     "Jaýlar eýýäm üpjün edilen, mebel, aşhanasy, hatda gap-çanagyna çenli. Esasan olary nebitgaz pudagynyň we ministrlikleriň işgärlerine hödürleýärler" diýip, Azatlyk... Читать дальше...

Azathabar.com 

Saud Arabystanynyň baş prokurory türkiýeli kärdeşi bilen Haşoginiň öldürilmegini maslahat edýär

Saud Arabystanynyň baş prokurory Saud al-Mojeb Stambulyň baş prokurory bilen žurnalist Jamal Haşoginiň öldürilmegini maslahat edýär diýip, Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi habar berýär. Türkiýe Haşoginiň öldürilmegi bilen ilteşikli Saud Arabystanynda tussag edilen 18 sany saud arabystanlynyň ekstradisiýa edilmegini isleýär. Haşogi 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasyna girenden soň öldürilipdi. Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenabatda Yslam Karimowyň ýadygärliginiň öňünde surata düşmek gadagan edilýär

Türkmenabadyň polisiýasy Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň hatyrasyna dikilen heýkeliň öňünde surata düşmegi rugsat bermeýär.   2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda açylan bu ýadygärligiň ýerleşýän köçesi hem Yslam Karimowyň adyny göterýär. Bu ýerde ýadygärligiň oturdylmagy bilen baglylykda köçäniň özi we onuň töwerek daşy abatlandy. "Köçäniň daş töweregi kaşaň binalar bilen gurşalan, täze nahallar oturdylan, owadan, giňiş, ýüzüniň asfalty ýanyp duran köçe. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazak häkimiýetleri Internetde terrorizmi propaganda etmekde 10 şübhelini tussag etdi

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti (KNB) Internetde terrorizmi propaganda etmekde şübhe bildirip, 10 adamy tussag etdi. Gazak Milli howpsuzlyk komitetiniň 29-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, şübheliler geçen hepdäniň ahyrynda ýurduň iň uly şäheri Almatyda, şeýle-de Akmola we Karagandy regionlarynda geçirilen gözleg operasiýalary döwründe tussag edildi. Beýanatda aýdylmagyna görä, şübheliler “terrorizmi propaganda etmek we dini gapma-garşylygy öjükdirmek” üçin sosial ulgamlaryndan we messenjer tilsimlerinden peýdalandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Moskwada we Sankt-Peterburgda “Täze Beýiklik” protestleri bilen bagly onlarça adam tussag edildi

Moskwada we Sankt-Peterburgda polisiýa ekstremizmde aýyplanýan 10 rus raýatyna garşy gozgalan jenaýat işine garşy rugsatsyz geçirilen protestlere gatnaşan azyndan 68 adamy tussag etdi. 28-nji oktýabrda Moskwanyň Lubýanka meýdançasyndaky Federal howpsuzlyk gullugynyň baş binasynyň daşynda onlarça adam protest geçirdi. Demonstrantlar paýtagtyň merkezinde ýöriş geçirip başlan mahaly, polisiýa 18 adamy tussag etdi. Sankt-Peterburgda geçirilen protestler döwründe hem 50 çemesi adam tussag edildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň öňüne bombaly hüjüm edildi

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň Kabuldaky baş binasynyň öňünde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bombaly hüjüminde azyndan alty adam ýaralandy. Owgan polisiýasynyň 29-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçi agzalýan edaranyň daşyndaky ulagyň golaýynda, dik aýak üstünde özüni partladýar. “Partlama Garaşsyz saýlaw komissiýanyň işgärleriniň ulaglaryndan 20 metr uzakda boldy” diýip, Kabulyň polisiýasynyň metbugat wekili Basir Mujahid “AFP” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy. Читать дальше...




Azathabar.com 

Indoneziýanyň 189 ýolagçydan ybarat uçary heläkçilige uçrady

Indoneziýanyň awiasiýa boýunça häkimiýetleri “Lion Air” howaýollary kompaniýasyna degişli we Jakartadan ýerli uçuş gatnawyny ýerine ýetirýän ýolagçy uçarynyň Günbatar Ýawa bilen Sumatra adalarynyň kenaryndaky Ýawa deňzinde heläkçilige uçrandygyny aýdýarlar. Uçarda 189 sany ýolagçynyň bardygy çaklanylýar. Ýolagçylaryň arasynda aman galanlaryň bardygy ýa-da ýokdugy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar. Uçardaky ýolagçylaryň, şol sanda ekipaž agzalarynyň sany barada dürli maglumatlar bar. Käbir habarlarda olaryň sanynyň 188-e barabardygy... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus