Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2018

Новости за 18.10.2018

Azathabar.com 

Türkmenistanda dermanlar ýylyň başyndan bäri iki esse gymmatlady

Türkmenistanda dermanlaryň gymmatlamagy dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň döwlet dermanhanalaryndaky bahalary öwrenip, olary 2018-nji ýylyň başyndaky nyrhlar bilen deňeşdirdi. Onuň sözlerine görä, ýylyň başyndan bäri dermanlar azyndan iki esse gymmatlapdyr.    "Ýanwar we oktýabr aýlarynyň aralygynda Aşgabadyň döwlet dermanhanalaryndaky bahalar duýarlykly gymmatlady. Meselem, ampuladaky 'Kawinton' dermanynyň bahasy 65-den 113 manada çenli galdy. 'Nistatin' 6 manatdan 12 manada ýetdi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türk derňewçileri saudlaryň Stambuldaky konsulhanasynda ikinji gezek gözleg geçirdiler

Türk derňewçileri žurnalist Jamal Khaşogginiň ýitirim bolmagy bilen baglylykda geçirilýän derňewiň çäginde, saudlaryň Stambuldaky konsulhanasynda ikinji gezek gözleg işlerini geçirdiler. Saud ýolbaşçylarynyň ýiti tankytçysy Khaşoggi 2-nji oktýabrda konsulhana gireninden soň hiç görünmedi. Türk hökümetiniň tarapynda çykyş edýän habar serişdeleri Khaşogginiň konsulhanada öldürilendigini we jesediniň böleklere bölünip, ýok edilendigini öňe sürdüler. Şaýatlar derňewçileriň konsulhananyň bakjasyny... Читать дальше...

Azathabar.com 

BMG-niň Siriýa boýunça wekili wezipesinden çekildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça wekili eýeleýän wezipesinden çekildi. Staffan de Mistura dört ýyldan soň bu wezipeden çekilmäge “şahsy ýagdaýlarynyň” sebäp bolandygyny aýtdy. Ol uruşda prezident Başar al-Assadyň öňe gidişliklerine garamazdan, uzak möhletleýin parahatçylygyň diňe BMG-niň howandarlygyndaky parahatçylyk ylalaşygyna goşulan ýagdaýynda mümkin boljakdygyny belledi. “Esasy zat parahatçylygyň üpjün edilmegidir. Munuň tersine, territoriýa ele geçiriler, emma parahatçylyk bolmaz” diýip, Staffan de Mistura nygtady. Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanda polimer zawody ulanyşa berildi

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda umumy bahasy 3.4 million dollarlyk polimer zawodynyň – polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy geçdi. Türkmen resmileriniň maglumatyna görä, Gyýanly şäherçesindäki desganyň ýylda 5 milliard m3 gazy gaýtadan işläp, 386 müň polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge mümkinçiligi bar. Gürrüňi gidýän maddalar plastigi ýasamakda ulanylýar. Türkmen emeldarlary bu desganyň ýurduň nebit-gaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrylmagyna... Читать дальше...

Azathabar.com 

Zarif ABŞ-nyň sanksiýalarynyň “eýranlylaryň adam hukuklaryny bozýandygyny” aýtdy

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalarynyň eýranlylaryň adam hukuklaryny bozýandygyny, şeýle-de “ABŞ-nyň sanksiýalar baradaky ýapjalygynyň kontroldan çykandygyny” aýtdy. Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif özüniň Twitter hasabynda Eýranyň Basij harbylary bilen ilteşikde aýyplanyp, ýurduň iki bankyna we başga-da birnäçe kompaniýasyna girizilen gadagançylyklaryň, Halkara Adalat Kazyýetiniň Eýran bilen gumanitar söwda päsgel bermeli däl diýen kararyna çapraz gelýändigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürji prokurorlary: Saakaşwili oppozisiýa syýasatçysynyň öldürilmegine ‘rugsat berdi’

Gürjüstanyň prokurorlary ýurduň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwilini 2008-nji ýylda Britaniýada ölen oppozisiýa syýasatçysynyň janyna kast etmek planlaryny oňlandygyny öňe sürdüler. Baş Prokuratura Badri Patarkatsişwiliniň işi bilen baglylykdaky derňewiň tamamlanandygyny aýdyp, Saakaşwilini adam öldürmek dildüwşügini gurnamaga “rugsat” bermekde aýyplady. Telekeçi Patarkatsişwili gürji syýasatyna içgin aralaşyp, 2008-nji ýylyň ýanwarynda prezidentlik saýlawlaryna gatnaşyp, Saakaşwiliden ýeňilişe sezewar bolupdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Bolgar žurnalistini öldürmekde aýyplanýan Bolgariýa ekstradisiýa edildi

Bolgariýaly žurnalist Wiktoriýa Marinowany zorlamakda we öldürmekde aýyplanýan Germaniýadan Bolgariýa ekstradisiýa edildi. Ýerli mediada 20 ýaşly bolgariýaly Sewerin Krasimirow diýlip tanyşdyrylan aýyplanýanyň Sofiýanyň aeroportyna getirilýän we ony kabul etmek üçin gelen polisiýa ulaglarynyň şekilleri hem görkezildi. 30 ýaşly Marinowa Ruse şäheriniň seýilgähleriniň birinde 6-njy oktýabrda öli tapylypdy. Resmiler žurnalistiň urgular we bogulma sebäpli öldürilendigini, şeýle-de onuň zorlanandygyny aýtdylar. Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus