Zarif ABŞ-nyň sanksiýalarynyň “eýranlylaryň adam hukuklaryny bozýandygyny” aýtdy
Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif özüniň Twitter hasabynda Eýranyň Basij harbylary bilen ilteşikde aýyplanyp, ýurduň iki bankyna we başga-da birnäçe kompaniýasyna girizilen gadagançylyklaryň, Halkara Adalat Kazyýetiniň Eýran bilen gumanitar söwda päsgel bermeli däl diýen kararyna çapraz gelýändigini aýtdy.
Zarif sanksiýalara duçar bolan bir bankyň azyk önümlerini we däri-dermanlary import etmekde möhüm rol oýnaýandygyny aýdyp, onuň Basij harbylary bilen ilteşiginiň ýokdugyny ýaňzatdy.
Meýletinçilerden düzülen Basij harbylary Eýranyň dini liderleri tarapyndan girizilen gadagançylyklaryň ýurtda berjaý edilmegine gözegçilik edýärler.