Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2018

Новости за 25.10.2018

Azathabar.com 

Dünýäniň iri profsoýuz guramasy türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýewi boşatmak boýunça tagallalara goşuldy

Türkmenistanyň pagta ýygym önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy barada maglumat toplamak bilen meşgullanan aktiwist Gaspar Matalaýewi  boşatmak boýunça alnyp barylýan halkara tagallalaryna dünýäniň iri guramalarynyň ýene biri "Profsoýuzlaryň halkara konfederasiýasy" (ITUC) goşuldy.  Gaspar Matalaýewyň 2016-njy ýylda Türkmenistanda tussag edilmegi, onuň şol ýylyň pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda çaga zähmetiniň giňden ulanylmagy barada taýýarlan reportažynyň çap edilmeginiň iki gün yzýanyna gabat gelipdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp bomba bukjalaryny taýýarlanlaryň tapyljakdygyny söz berdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, ýurtda öňdebaryjy demokratlara we Ak Tamy tankytlaýan beýleki ýokary derejeli resmilere ýollanan bombalardan soň, habar serişdelerine ýüzlenip, “tükeniksiz duşmançylygy” bes etmäge çagyrdy. Tramp penşenbe güni eden çykyşynda bularyň guramaçylarynyň tapyljakdygyny söz berdi. Şol bir wagtda, ol media “oňaýsyz, şeýle-de köp halatlarda ýalan hüjümleri we maglumatlary” ýaýratmagyny bes etmäge çagyrdy. Bu aralykda, Trampyň kömekçileriniň biri “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistan “Talybanyň” ýokary derejeli kommandirini “azatlyga goýberdi”

Pakistanyň mundan sekiz ýyl ozal tusag edilen owgan “Talyban” hereketiniň ýokary derejeli kommandirini azatlyga goýberendigi barada maglumatlar gowuşýar. “The Associated Press” habar agentligi, aňtaw resmilerine salgylanyp, “Talybanyň” esaslandyryjylarynyň biri bolan Molla Abdul Ghani Baradaryň “ýokary derejeli gepleşiklerden soň” azat edilendigi barada maglumat berdi. Baradar Molla Omaryň häkimiýeti döwri “Talybanda” ikinji adam hasaplanýardy. Ol toparyň Owganystanyň günortasyndaky harby hereketlerine hem gözegçilik edýärdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Saud şazadasy žurnalistiň öldürilmegini “tisgindiriji” atlandyrdy

Saud Arabystanynyň tagt başyndaky şazadasy žurnalist Jamal Khaşogginiň saud konsulhanasynda öldürilmegini “tisgindiriji” atlandyrdy. Bu waka bilen ilteşikli eden ilkinji çykyşynda ol adalatyň üstün çykjakdygyny hem sözüne goşdy. “Bu hadysa saudlaryň ählisi üçin örän agyr urgy boldy. Bu tisgindiriji bir waka. Muny hiç kim aklap bilmez” diýip, tagt başyndaky 33 ýaşly şazada Muhammed bin Salman aýtdy. “Munuň bilen ilteşikli ähli kişi jogapkärçilige çekiler... Soňunda, adalat üstün çykar” diýip, ol sözüne goşdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Italiýanyň lideri ÝB-niň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrmaga çagyrdy

Italiýanyň premýer-ministri Ýewropa Billeleşigine ýüzlenip, Russiýa garşy girizilen sanksiýalary togtatmaga çagyrdy. Şeýle-de, Giuseppe Konte gadagançylyklara garamazdan Moskwa bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy. Konte iýunda häkimiýet başynda geçenden soň Moskwa eden ilkinji saparyny dowamynda Russiýany dünýä derejesindäki möhüm oýunçy atlandyryp, rus prezidenti Wladimir Putini Italiýa çagyrdy. Italiýanyň premýer-ministri Kremliň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň delegasiýasy Täjigistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirdi

ABŞ Täjigistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyna alada bildirýär diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa we metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy kömekçisiniň orunbasary belledi. Emiliýa Puma Duşenbede žurnalistleriň öňünde eden çykyşnda, özüniň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasynyň ýokary derejeli täjik resmileri bilen duşuşyp, “metbugat azatlygy we media erkinligi” meselelerini gozgandygyny mälim etdi. ABŞ-ly resmi Täjigistanda aklawçy Buzurgmehr Ýorowyň, şeýle-de beýlekileriň tussag edilmegine hem alada bildirdi. Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus