Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda parlament saýlawlary geçirilýär. Milli saýlawlar ýurduň 34 welaýatynyň 32-sinde mundan bir hepde ozal başlanypdy. Gandagarda ses berilişiginiň yza süýşürilmegine welaýatyň täsirli polisiýa başlygy general Abdul Razikiniň “Talyban” jeňçileri tarapyndan – planlaşdyrylan saýlawlara iki gün galanda – öldürilmegi sebäp bolupdy. Razikiniň Gandagarda asudalygy saklamakda esasy roly oýnandygy bellenipdi. Ýatlatsak, “Talyban” hereketi hut Gandagarda esaslandyrylypdy. Читать дальше...
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis arap liderlerine ýüzlenip, Moskwanyň harby interwensiýa bilen Siriýa girmegi netijesinde, Russiýanyň Ýakyn Gündogarda ABŞ-nyň ornuny tutup bilmejekdigini aýtdy. “Russiýanyň sebitde ýerleşmegi ABŞ-nyň Ýakyn Gündogara bolan uzak wagtlyk, dowamly we açyk ygrarlylygynyň orununy tutup bilmez” diýip, Mattis Bahreýniň paýtagy Manamada çykyş etdi. Şenbe güni giçlik rus prezidenti Wladimir Putiniň Stambulda Fransiýanyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň liderleriniň gatnaşmagynda... Читать дальше...
Facebook sosial ulgamy Eýrandan dolandyrylyp, syýasy bölünişik meselelerini gozgaýan hasaplaryň öçürilendigini aýtdy. Maglumata görä, bu hasaplaryň Britaniýada we ABŞ-da millionlarça yzarlaýjasy bolupdyr. Sosial ulgam läheňi Facebookdan we Instagramdan 82 “galp” hasabyň öçürilendigini aýtdy. Facebook öçürilen hasaplaryň ABŞ-da 6-njy noýabrda geçirilmeli kongres saýlawlarynyň öňüsyrasynda jynsparazlyk, migrasiýa, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýaly meseleleri gozgap, “bölünişigi ornaşdyrmagy” maksat edinendiklerini belledi. Читать дальше...
Russiýanyň 1987-nji ýylda baglaşylan ýadro ýaraglary ylalaşygyny öz güýjünde saklap galmak ugrunda debaty gurnamak synanyşyklary netijesiz tamamlandy. Mundan öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu ylalaşykdan çykjakdygyny aýdypdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýaragsyzlandyrma komiteti bu meseläni BMG-niň gün tertibine getirmek taslamasyna garşy ses berdi. Ses berilişikde 55 döwlet Russiýanyň hödürlän taslamasyna garşy çykdy, 31-i goldady, 54-si hem ses bermekden saklandy. ABŞ-nyň Ýaragsyzlandyrma... Читать дальше...
Balkan döwletleriniň aşpezleri rekord derejede oladýa taýýarlandyklaryny aýdýarlar. Anna güni Saraýewoda geçirilen sekiz sagatlyk marafonyň dowamynda konditer önüminiň 14 müň 186 sanysy taýýarlanypdyr. Bosniýanyň, Serbiýanyň, Makedoniýanyň, Montenegronyň we Sloweniýanyň 140 aşpezi oladýalary taýýarlamak üçin 300 litr ýagy, 600 kilogram uny we 400 litr süýdi ulandylar. Açyk howada geçirilen bu çärä 15 emin gözegçilik etdi. Oladýalaryň agramly bölegi bu çärä tomaşa etmäge gelenlere berildi, konditer önümleriniň galan bölegi bolsa... Читать дальше...
Pakistanly merhum hukuk goraýjy Asma Jahangir Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary baýragynyň ýeňijisi boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň prezidenti Mariýa Fernanda Espinosa özüniň Twitter hasabynda bu abraýly baýraga Jahangir bilen birlikde Tanzaniýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasynyň esaslandyryjysy Rebke Gýuminiň, braziliýaly aklawçy Joeniýa Wapiçananyň we Irlandiýanyň adam hukuklaryny goraýan “Front Line Defenders” guramasynyň mynasyp bolandygyny aýdyp, ýazgy galdyrdy. “Men... Читать дальше...