Добавить новость

В результате непогоды в Москве и Подмосковье повреждены более 500 автомобилей

Япония и Южная Корея 25 июня обсудят санкции против России и КНДР

Креативный жених. Москвич решился на необычный и опасный способ знакомства

Тихая революция и финальный штрих: Президент убрал последний костяк Шойгу из Минобороны

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda Yslam Karimowyň ýadygärliginiň öňünde surata düşmek gadagan edilýär

Türkmenabatda Yslam Karimowyň ýadygärliginiň öňünde surata düşmek gadagan edilýär

Türkmenabadyň polisiýasy Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň hatyrasyna dikilen heýkeliň öňünde surata düşmegi rugsat bermeýär.  

2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda açylan bu ýadygärligiň ýerleşýän köçesi hem Yslam Karimowyň adyny göterýär.

Bu ýerde ýadygärligiň oturdylmagy bilen baglylykda köçäniň özi we onuň töwerek daşy abatlandy.

"Köçäniň daş töweregi kaşaň binalar bilen gurşalan, täze nahallar oturdylan, owadan, giňiş, ýüzüniň asfalty ýanyp duran köçe. Bu köçäniň öňki ýagdaýy bilen häzirki ýagdaýy ep-esli tapawutlanýar. Köçäniň ugrunda adamlaryň dynç almagy üçin kiçiräk alleýa meňzedilip bag oturdyldy, gezelenç üçin örän amatly boldy. Dynç alyp oturmak üçin ýörite oturguçlar hem goýuldy. Çagalar üçin oýnar ýaly meýdançalar bar we bu çagaly maşgalalary özüne çekýär. Bu ýerde çagalaryny surata alýan ene-atalary görmek hem adaty ýagdaý. Emma Karimow adyndaky bu köçäniň başyndaky heýkeliň töwereginde surata düşmek gadagan edilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berýär.

Türkmenabatly söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, ýerli polisiýa surata düşmekçi bolýan adamlaryň hemmesine bu ýerde surata düşmeli däldigini käte sypaýaçylyk bilen duýdurýarlar, käte haýbatly talap edýär.

"Men ýöne özbek prezidentiniň heýkeliniň öňünde surata düşjek bolanymda golaýda ýerleşýän 02 budkasynyň içinden iki esger gygyryp ylgaşyp geldiler we elleri bilen surata düşüp bolmaýandygyny görkezip maňa bu ýerden uzaklaşmagymy talap etdiler. Muňa nädip düşünmelikä?" diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Karimowyň ýadygärligi Türkmenabat şäherinde daşary ýurt liderine dikilen ýeke-täk heýkel bolmagyna galýar we oňa aýratyn gözegçilik we ideg edilýär. 

Şol bir wagtda-da, Karimowyň heýkeliniň öňünde surata düşmeginiň gadagan edilmeginiň sebäpleri ýerli ýaşaýjylara we şähere syýahat edýänlere nämälim galýar. Bu sowala polisiýa işgärlerinden we Türkmenabat şäheriniň häkimiýetlerinden resmi düşündiriş alyp bolmady. Polisiýa işgärleri bize berilen buýruk şeýle diýmek bilen çäklenýärler.  

Şol bir wagtda-da, soňky döwürde güýç edaralarynyň şäheriň dürli ýerlerinde, köpçüligiň jemlenýän pursatlarynda adamlaryň surata düşmegine garşy çykýan we päsgel berýän halatlarynyň köp duş gelýändigini ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. 

"Adamlaryň ellerinden gödek bir şekilde telefonlary basyp almagy, olaryň özlerini bolsa polisiýanyň, ýa-da bolmasa howpsuzlyk edarasynyň işgärleriniň uzak wagtlap soraga çekýän halatlary bolýar. Soraga çeken adamlary ilki bilen telefonuny barlaýarlar: "Muny näme üçin düşürdiň? Kim saňa rugsat berdi? Saňa aýdylmadymy surata düşürmek bolmaýar", diýip sorag edýärler" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren ýerli ýaşaýjylaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylaryň ýene biri şäherde surata düşürmek gadagançylygyň aýratynam uly syýasy-jemgyýetçilik çäreleriň dowamynda hasam güýçlenýändigini aýdýarlar. Sentýabrda Türkmenabatda geçirilen Amul – hazar awtorallisine gatnaşan üýtgeşik maşynlary wideo şekilli ýazgy etmekçi bolan ençeme adam soraga çekilipdi.

Şu günki gün Türkmenabatda Yslam Karimowyň heýkeli 24 sagatlap gözegçilik astynda saklanýar. 

Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurduny bolan Özbegistany 25 ýyl çemesi döwrüň dowamynda dolandyran Yslam Karimow awtoritar syýasaty üçin tankyt edilipdi.

Karimowyň 2016-njy ýylyň sentýabrynda aradan çykmagyndan soň häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýoýew goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklary aktiwleşdirdi, prezident wezipesindäki ilkinji daşary ýurt saparyny goňşy Türkmenistana edip, Türkmenabatda Karimowyň ýadygärligini açdy. Şondan bäri Karimowyň birnäçe heýkeli Daşkentde, Samarkantda we Moskwada açyldy, emma olaryň öňünde surata düşmegiň gadagançylygy barada habar bolmady.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Современный комплекс по выращиванию африканского сома появится в Подмосковье

Группу генералов полиции из Питера судят за взятки в Москве

Акция по сбору помощи для бойцов СВО началась в Москве

ВТБ: треть россиян оценили затраты на свадьбу в 2024 году в 500 тыс. рублей

Музыкальные новости

Более 500 спортсменов поучаствовали в фестивале «Спорт для всех» в Мытищах

В Бурчтии в театре кукол «Ульгэр» 14-16 июня пройдут «Волшебные выходные»! - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети

Концертный директор для музыкантов. Концертный директор для певцов. Концертное агентство в Москве. Букинг агентство. Организация концертов и гастролей.

В аэропорту Пулково задержали девять рейсов и отменили еще два

Новости России

Суд арестовал главу WorldSkills Russia Уразова

"Не беспокойтесь". Путин затроллил Запад Пхеньянским пактом

Как США помогли России победить себя же

Стало известно, где в Москве продаются самые доступные квартиры

Экология в России и мире

Лучшим наставником АО «Желдорреммаш» 2024 года стал работник Ярославского ЭРЗ

Доктор Кутушов: не стоит носить кроссовки в жару

Mishel Dar и его главный хит лета: «Лети»

Культурное лето с Dhawa Ihuru

Спорт в России и мире

Теннисистка Самсонова вышла в финал турнира в Хертогенбосхе

Теннисисты Медведев и Рублев сохранили позиции в рейтинге ATP

Курникова показала трогательные фото Энрике Иглесиаса

Экс-теннисист Ольховский: россияне могут хорошо выступить на Уимблдоне

Moscow.media

В МЧС объяснили появление пожарных у театра "Теремок"

Комфорт, безопасность и время для себя: что предоставляет клиентам «Таксовичкоф»

Ирина Ортман оставляет в прошлом «Всё, что было вчера».

Загадочное утро...











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Величественное появление российских стратегов над Аляской: Америка, ты не ожидала этого поворота

Собянин рассказал, где в ближайшие три года откроются новые детсады

Тихая революция и финальный штрих: Президент убрал последний костяк Шойгу из Минобороны

Ярославцам пообещали легкое метро до Москвы за полтора часа