Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde güýzki kanikullaryň başlanmagyna on güne golaý wagt galanda, türkmen häkimiýetleriniň çagalary Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezine ugratmak boýunça nobatdaky çäresi başlady.
Ukrainada bir harby gorhanada dörän partlamalar we çalt ýaýran ýangyn müňlerçe adamyň ewakuasiýa edilmegine getirip, Orsýet tarapdan goldalýan separatistler bilen gowşak uruşda bolan ýurtda sabotaž şübheleriniň döremegine sebäp boldy.
Türkmenistanyň käbir künjeklerinde elektrik energiýasynyň we gazyň töleglerini geçirmedik hojalyklaryň tokdan we gazdan mahrum ediljekdigi duýdurylýar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary soňky ýagdaýlar barada maglumat berýär.
Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak isleýän türkmenistanly studentleriň ýüzlerçesi ýurtdan goýberilmeýär.
Halkara walýuta fondunyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky ýaýradan hasabatynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2019-njy ýylda 5.6 % bolar diýip çak edilýär. Bu görkeziji 2018-nji ýylda 6.2 göterime barabar bolupdy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew Türkmenistanyň prezidentini metbugatyň ösüşine goşant üçin baýrak almagy bilen gutlady.
Türkmenistanyň prezidenti Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady. Türkmen mediasyna görä, 8-nji oktýabrda iki ýurduň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. "Ýagdaýdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ýolbaşçysy orsýetli kärdeşini onuň öňüsyrasynda bellän doglan güni bilen ýürekden gutlady we oňa berk jan saglygyny we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärçilikli işde uly üstünlikleri arzuw etdi" diýip, türkmen mediasy habar berdi. Şeýle-de, iki ýurduň prezidentleriniň... Читать дальше...
Halkara maliýe fondy Eýranyň ykdysadyýetiniň ABŞ-nyň Tährana garşy dikelden sanksiýalarynyň netijesinde şu ýyl haýallandygyny aýdýar we bu ýagdaýyň indiki ýyl has ýaramazlaşjagyny çak edýär. HMF-yň 8-nji oktýabrda çap eden Dünýä ykdysadyýetine synynda Eýranyň nebite daýanýan ykdysadyýetiniň şu ýyl 1.5% derejesinde çökmegi we 2019-njy ýylda peselişiň 3.6% boljagy çak edilýär. Munuň nebit eksportunyň möçberiniň kemelmeginiň netijesidigi aýdylýar. Maý aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tährana... Читать дальше...
Ukrainanyň paýtagty Kiýewden gündogarda 180 kilometr uzaklykda ýerleşýän ýarag saklanýan ýerde bolan birnäçe partlama we ýangyn sebäpli 10 müň çemesi adam ewakuasiýa edildi diýip, ukrain resmileri aýdýarlar. Çernihiw regionynyň Içnya şäherçesinde bolan partlamada adam pidalary barada habar berilmedi. Adatdan daşary gulluklaryň beýanatyna görä, häkimiýetler partlamanyň bolan ýeriniň töweregindäki 30 kilometrlik radiusda howa giňişligini, gara we demir ýol gatnawyny wagtlaýyn ýapypdyr. Goranmak... Читать дальше...
Türkmenistanda agyr urgulara sezewar edilip, soňy bilen-de degişli medisina komegi berilmezden aradan çykan bir raýatyň ýakynlary, munuň bilen baglylykda geçirilen derňewiň we sud diňlenişiginiň dowamynda “düýpli” kanun bozmalaryň bolandygyny, şeýle-de merhuma “töhmet” atylandygyny öňe sürýärler.
Pakistanyň täze hökümeti barha güýçlenýän töleg balansy bilen bagly krizisi gowşatmak üçin Halkara maliýe fondundan (HMF) adatdan daşary karz sorar, diýip ýurduň maliýe ministri yglan etdi. 8-nji oktýabrda Pakistanyň premýer-ministri Imran Han maliýe ministrine Halkara maliýe fondunyň resmileri bilen bu guramanyň we Dünýä bankynyň şu hepdede Balide geçýän ýyllyk konferensiýasynda duşuşmagy we mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy. "Premýer-ministr ähli baş ykdysadyýetçiler bilen maslahatlaşyp... Читать дальше...