Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen prezidenti orsýetli kärdeşi Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň prezidenti Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady. Türkmen mediasyna görä, 8-nji oktýabrda iki ýurduň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. 


"Ýagdaýdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ýolbaşçysy orsýetli kärdeşini onuň öňüsyrasynda bellän doglan güni bilen ýürekden gutlady we oňa berk jan saglygyny we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärçilikli işde uly üstünlikleri arzuw etdi" diýip, türkmen mediasy habar berdi. 


Şeýle-de, iki ýurduň prezidentleriniň bu telefon söhbetdeşliginde "ýokary derejede gelnen ylalaşyklara degişli "döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini" ara alyp maslahat edendigi resmi maglumatlarda habar berildi. Türkmen-orsýet partnýorlygynyň esasy ugurlarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika we transport-aragatnaşyk ugurlary agzaldy. 


Soňky 20 ýyla golaý wagt bäri Orsýeti döwlet we hökümet baştutany wezipelerinde dolandyryp gelýän Wladimir Putin 7-nji oktýabrda 66 ýaşyny belledi. Geçen ýyl Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Putine doglan gününe sowgat hökmünde "Wepaly" atly türkmen alabaý güjügini gowşurypdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus