Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Сентябрь
2018

Новости за 05.09.2018

Azathabar.com 

Britan prokurorlary Skripallary zäherlemekde güman edilýänleriň atlaryny mälim etdi

Britan prokurorlary ozaky rus içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzy Ýuliýany martda Angliýada zäherlemekde şübhelenýän iki rus raýatyna aýyplamalaryň bildirilendigini mälim etdiler we olaryň suratlaryny çap etdiler. Prokuratura Aleksandr Petrowa we Ruslan Boşirowa adam öldürmek synanyşygy we himiki ýaraglaryň ulanylmagy boýunça aýyplamalaryň bildiriljekdigini aýtdy. Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý şübhelenýänleriň Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň ofiserleridigini hem belledi.

Azathabar.com 

Azeri we hökümetçi türkmen metbugaty Trans-Hazar barada çekişýär

Media maglumatlarynda gaz bazary gyzyşýar. 30-njy awgustda “Sputnik – Azerbaýjan” neşiriniň Analitika bölüminde Fuat Alizada diýilýän azerbaýjanly bir žurnalistiň awtorlygynda “Turba meselesi: Azerbaýjan Türkmenistanyň deregine töleg tölemekçi däl” ady bilen makala çap edildi.

Azathabar.com 

Tramp BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçjek Eýran maslahatyna ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 26-njy sentýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Eýran bilen bagly geçiriljek maslahata ýolbaşçylyk eder. Bu barada ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý mälim etdi. Haleý we Tramp Eýranyň Siriýadaky we Ýemendäki uruşlara goşulýandygyny, şeýle-de 2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygynyň ruhuny depeleýändigini aýdyp, Tährany tankytlapdylar. Bellesek, Tramp maý aýynda ABŞ-ny Ýadro ylalaşygyndan çykarypdy.

Azathabar.com 

Rus resmileri Google-y saýlawlara “gatyşmazlyga” çagyrdy

Rus resmileri ABŞ-nyň internet läheňi Google-a ýüzlenip, Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň protestlere çagyrýan wideolaryny YouTube saýtynda ýerleşdirip, şu hepdäniň aýagynda geçmeli ýerli saýlawlara “gatyşmazlygyny” sorandyklaryny aýtdylar. Russiýanyň Federal Geňeşinde saýlaw resmileri, Baş prokuraturanyň we internet gözegçilik edarasynyň wekilleri duşuşyp, YouTube saýtynyň eýesi Google-a öz nägileliklerini bildirdiler. Resmiler Nawalnynyň YouTube-da Russiýada “bikanun” diýilýän maglumatlary ýerleşdirýändigini öňe sürdüler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Pompeo Pakistana sapar edýär

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Pakistana edýän ilkinji saparynyň çäginde ýurduň täze premýer-ministri Imran Khan bilen geçirjek gepleşikleriniň netijesinde, iki ýurduň arasyndaky dartgynly gatnaşyklaryň “gowşajakdygyna” umyt edýändigini aýtdy. Pompeo ABŞ-nyň tankytçysy Khan we täsirli armiýa ýolbaşçysy general Kamar Jawed Bajwa bilen Yslamabatda duşuşar. Şu ýyl ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, Yslamabadyň Owganystan bilen serhedindäki jeňçilere garşy göreşmekde ýeterlik tagalla etmeýändigini aýdyp... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistanda kanunçykaryjylar täze prezidenti saýladylar

Pakistanda kanunçykaryjylar häkimiýet başyndaky Tehrik-e Insaf partiýasynyň dalaşgäri Arif Alwini ýurduň nobatdaky prezidenti hökmünde saýladylar. Pakistanda prezident Milli Assambleýa, Senat we ýurduň dört welaýatynyň assambleýalary tarapyndan saýlanýar. Sişenbe güni geçirilen ses berlişikde Alwiniň aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýardy. Mundan iki hepde ozal, ozalky kriket ýyldyzy Imran Khan premýer-ministr saýlanypdy. Ýurduň häzirki prezidenti Mamnnun Husseýn, bäş ýyllyk prezidentlik möhletinden soň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbegistan dilegçilik üçin jenaýat jogapkärçiligini girizjek bolýar

Özbek kanunçykaryjylary jemgyýetçilik ýerlerinde dilegçiligi gadagan edýän kanun taslamasyny ýurduň parlamentine hödürlediler. Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan teklip edilen bu kanun taslamasy ýurduň kanunçylyk maglumatlar boýunça Internet portalynda ýerleşdirildi. Oňa laýyklykda, jemgyýetçilik ýerlerinde dilegçilik etmekde tutulan şahsyýetlere üç ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin. Mundanam başga, adam gaçakçylygy bilen meşgullanýanlara, şol sanda dilegçilige maýyplary, çagalary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjigistan Türkmenistandan ýük ulaglarynyň serhetde saklanmagyna degişli problemany çözmegi soraýar

Täjigistanyň Transport ministrligi Daşary işler ministrliginiň üstünden Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyna hat ugradyp, türkmen-eýran we türkmen-özbek serhetlerinde ýük daşaýan ulaglaryň saklanmagyna degişli ýagdaýy çözmegi sorady.  Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habar bermegine görä, resmi hat hepdäniň başynda ugradylypdyr. Bu barada 4-nji sentýabrda habar beren Täjigistanyň transport ministrligindäki çeşme türkmen häkimiýetlerinden jogabyň ýokdugyny aýtdy. "Türkmenistanyň häkimiýetleri... Читать дальше...




Azathabar.com 

Basrada azyndan bäş protestçi öldürildi

Yragyň günortasyndaky Basra şäherinde iki gün bäri dowam edýän protestleriň dowamynda demonstrantlaryň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan bäş protestçi öldi, 16-sy hem ýaralandy. Resmiler çaknyşykda howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan hem azyndan 14 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Sişenbe güni demonstrantlar hökümet binalaryna ýangyç bombalaryny we daş böleklerini zyňdylar. Hökümetiň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň Basra boýunça ýolbaşçysy Mehdi al-Tamimi howpsuzlyk güýçleriniň “protestçilere ot açandygyny” aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýa Telegramy petiklemek üçin “täze tehnologiýany synagdan geçirýär”

Russiýa Telegram messenjeri we ýurtda gadagan edilen beýleki sosial ulgamlary netijeli petiklemek üçin täze tehnologiýany synagdan geçirýär. Bu barada Reuters habar agentligi özüniň ele salan resminamasyna salgylanyp habar berýär. Habar agentliginiň maglumatyna görä, Moskwa käbir beýleki online-hyzmatlary petiklemezden Telegramy bloklamagyň ýollaryny henizem tapyp bilmeýär.


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus