Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugraýar diýip, TDH bir gün öňünden habar berdi.
Merkezi Eýranyň Şiraz şäherinde tussag edilen iki bahaýyny “goldandygy” üçin şähär geňeşiniň agzasy tussag edildi diýip, hökümetiň resmi IRNA habar gullugy habar berýär. Şiraz şäher geňeşini agzasy Mehdi Hajati, aýdylmagyna görä, geçen hepde twitterde “iki sany bahaýy dostumy türmeden boşatdyrmak üçin meniň kakmadyk gapym galmady, emma olary boşadyp bilmedim” diýip ýazanyndan soň tussag edildi. “Daşarky duşmanlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtymyzda, biziň neslimiziň borjy sud proseduralaryny we... Читать дальше...
ABŞ prokurorlary geçen ýyl Nýu-Ýorkdaky welosiped ýodasynda alty adamyň üstünden ýük maşynyny sürmekde aýyplanýan özbek immigrantynyň sudunda oňa ölüm jezasynyň berilmegini sorajakdyklaryny aýdýarlar.
Orsýet, Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň garşylyklaryny bildirmeklerine garamazdan, Siriýa S-300 raketa gorag ulgamlaryny ibermäge başlady diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy. Prezidnet Wladimir Putiniň 17-nji sentýabrda rus harby uçary urlup ýykylandan we onuň bortundaky 15 harby gullukçy öldürilenden soň beren buýruklaryna laýyklykda, “eltip bermek eýýäm başlandy” diýip, Lawrow 28-nji sentýabr güni giçlik BMG-niň metbugat ýygnagynda aýtdy. "Biziň görjek çärelerimiz biziň... Читать дальше...
Eýran hökümetinden we Yrakda Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýadan abanýan howp-hatarlara, bu milisiýanyň öz binasyna raketa hüjümini edýändiginesalgylanyp, Birleşen Ştatlar özüniň Basradaky konsullygyny ýapjakdygyny yglan etdi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 28-nji sentýabrda özüniň goňşy ýurtdaky amerikanlara we ABŞ-nyň diplomatik binalaryna edilen islendik hüjümde Eýrany gönüden-göni jogapkär hasaplajakdygyny aýtdy. ABŞ-nyň bu beýanaty golaýda bolan raketa hüjümleriniň yz ýanyna gabat... Читать дальше...
Indoneziýanyň Sulawesi adasynda bolan güýçli ýertitreme we tsunami netijesinde Palu şäherinde 400-e golaý adam öldi, onlarça adam ýaralandy diýip, häkimiýetler 29-njy sentýabrda aýtdylar. Resmiler häzire çenli ölen adamlaryň 384 bolandygyny, olaryň ählisiniň suw joşgunynyň pidasydygyny we pidalaryň sanynyň artjaga meňzeýändigini aýtdylar. 28-nji sentýabr agşamy, 350 müň çemesi adamyň ýaşaýan ýerinde bolan 7.5 magnitýudly ýer yranmasyndan soň, Paluny 2 metre çenli ýokary galan tsunamy süpürip geçdi. Читать дальше...
TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabrdaBirleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugraýandygyny bir gün öňünden habar berdi. Neşiriň bellemgine görä, Türkmenistanyň“wekiliýetiniň Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň çäklerinde duşuşyklar meýilleşdirildi”. Türkmen mediasynyň maglumatlaryna görä... Читать дальше...