Günbatar Owganystanyň häkimiýetleri 21-nji sentýabrda ýurduň Kabul bilen Hyrady bir-birine baglaýan 1-nji uly halka ýolunda awtobus bilen ýük maşyny çakyşanda azyndan 15 adamyň heläk bolandygyny aýdarlar. Günbatardaky Farah welaýatynyň Bakwa etrabynyň Pozak diýen ýerinde bolan hadysada azyndan 30 adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Farah welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Nasir Mehri Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Hyrat welaýatyndan Kandagara barýan ýolagçy awtobusynyň heläkçilige uçranadygyny gürrüň berdi. Читать дальше...
Döwlet mediasy 22-nji sentýabrda, günorta-gündogardaky Ahwaz şäherinde 1980-88-nji ýyllardaky Eýran-Yrak urşunyň başlanmagynyň ýyl dönümine gabat guralan ýyllyk harby çärä ýygnanan eýran resmilerini nyşana alan ýaragly erkekleriň paradyň münberini oka tutandyklaryny aýtdy.
2016-njy ýylda, dünýädäki iň köp 20 ölüm sebäbleriniň biri hökmünde, alkogolly içgileriň zyýanly ulanylmagyndan 3 milliondan gowrak adam ýogaldy diýip, Btündünýä saglyk guramasynyň (BSG) täze hasabatynda aýdylýar. 21-nji sentýabrda BMG-niň Ženewada ýerleşýän guramasy tarapyndan 2018-nji ýylda alkogolyň we saglygyň global durumy boýunça çap edilen hasabatda Orsýet, Moldowa we Belarus ýaly ýurtlarda soňky onýyllykda alkogolly içgileri içmek derejesiniň peseliş alamatlarynyň görünýändigi hem aýdylýar. Читать дальше...
Eýranyň harby parady mahalynda guralan hüjümde azyndan 3 adam öldi, 20 adam ýaralandy diýip, Eýranyň resmi mediasy habar berdi.
Birleşen Ştatlar rus sudunyň hukuk aktiwisti Oýub Titiýewiň sud seljerişligini jemgyýetçilikden üzňe, ýapyk geçirmek kararyny ýazgardy we Titiýewi azat etmek baradaky çagyryşyny gaýtalady. “Biz düýnki habardan, sudýanyň çeçen adam hukuklaryny goraýjysy, esassyz neşe saklamak aýyplamasynda aýyplanýan Oýup Titiýewiň sudyny daşarky synçylar üçin ýapyk geçirişmek barada gelen kararyndan alada galdyk” diýip, döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Maýkl Mörfi (Michael Murphy) 21-nji sentýabrda aýtdy. Читать дальше...
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Birleşen Ştatlaryň basyşlaryna garamazdan, Tähranyň öz raketalaryndan el çekmejekdigini aýtdy. Rohani bu sözleri 1980-88-nji ýyllardaky Eýran-Yrak urşunyň başlanan gününiň ýyl dönümi mynasybetli sözlän sözünde aýtdy, onuň çykyşy telewideniýede göni alnyp görkezildi. "Eýran öz goranyş ýaraglaryndan,şol sanda Amerikanyň gaty gaharyny getirýän raketalaryndan hem el çekmez” diýip, Rohani aýtdy. Eýranyň 3,500 kilometr aralyga ýetýän, Ysraýyla we ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky... Читать дальше...
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Hytaýyň gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinde tussag edilen musulman uýgurlarynyň “elhenç kemsidilmegini” ýazgardy we hökümetiň ýurtdaky hristianlary basyp ýatyrýandygyny aýdyp, muny tankyt etdi. 21-nji sentýabrda aýdylan sözler BMG-niň uýgurlar barada çap eden täze hasabatynyň yz ýanyna gabat geldi. Ol hasabatda Hytaýyň günbatardaky Sinjiaň regionynda ýaşaýan uýgurlary ekstremizmiň öňüni almak bahanasy bilen köpçülikleýin ýagdaýda içerki lagerlerde saklaýandygy aýdylýar. Читать дальше...
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny, redaksiýa ýüzlenen köp sanly diňleýjileriň isleglerini nazarda tutup, Türkiýede nädip ÝOJ-lara girip bolýandygyna gönükdirdi.