Türkmenistanyň prezidenti Garagumyň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” türkmen kölüni, hökümet tarapyndan gurulýan emeli suw howdanyny abadanlaşyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna çagyrýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň 31-nji awgustdaky hökümet mejlisinde aýdan sözlerine görä, häzirki döwürde bu künjek “ekologiýa taýdan arassa zolak” bolup durýar. “Şu sebäpden bu ýerde şäherçeleri gurmaly, toplanan suwy gaýtadan işläp, netijeli ulanmak boýunça kärhanalary döretmeli, balykçylygy ösdürmeli” diýip... Читать дальше...
Türkmenistanda ykdysady krizisiň çuňlaşmagy bilen dikeldilen Halk haslahatynyň 24-nji sentýabra bellenen birinji mejlisine taýýarlyk görülýär. Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa 31-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda bu çärä görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. Onuň sözlerine görä, Halk maslahatynyň syýasy ähmiýeti ýurduň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär. Prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk maslahatynyň “döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça çözgütleri... Читать дальше...
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji awgustda Türkmenistanda pagta ýygymynyň başlanmagyna “ak pata” berdi. “Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap almak häzirki döwürde daýhanlaryň öňünde durýan esasy wezipedir” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirleýär. Döwlet baştutanynyň “ak patasyna” laýyklykda, pagta ýygymy Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 5-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 16-njy sentýabrda başlanar. Türkmenistanda gowaça we bugdaý ekişleri hem... Читать дальше...
Birleşen Ştatlar Siriýa we Orsýete ýakyn günlerde Siriýanyň pitneçileriň elinde galan soňky welaýatyna ediljek islendik harby hüjüme Siriýanyň ýedi ýyllyk raýat urşunyň gyzdyrylmagy hökmünde seretjekdigini duýdurdy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň 31-nji awgustda eden duýduryşy gozgalaňçylaryň Siriýanyň Türkiýe bilen serhetleşýän Idlib welaýatynda köprüleri partladyp, garym gazyp, Siriýa we Orsýet ýolbaşçylary tarapyndan wada berlen töwerekleýin hökümet hüjümine garşy durmaga taýýarlyk görýän wagtlarynda edildi. Читать дальше...
Donetsk halk respublikasy diýilýäniň başlygynyň separatistleriň baýram etjek kafesinde bolan partlamada öldürilmegi gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň ýolbaşçylaryny aljyraňňylyga saldy. Aleksandr Zaharçenko 31-nji awgustda “Separ” kafesinde bolan partlamada öldürildi we bu ýagdaý pitneçiler geňeşiniň derhal adatdan daşary ýygnak çagyrmagyna hem-de seperatistleriň Moskwadaky goldawçylarynyň gazaba münmegine getirdi. Zaharçenkonyň ölümi gündogar Ukrainadaky seperatist resmileriniň... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti öz gatnaşjak “Amul-Hazar” awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň hem-de olara hyzmat edijileriň awtoulaglarynyň mugt ýangyç bilen üpjün edilmeigini buýurdy.