Donetsk kafesinde bolan partlama iki adamy, şol sanda ukrain sepetatist lideri Zaharçenkony öldüridi
Aleksandr Zaharçenko 31-nji awgustda “Separ” kafesinde bolan partlamada öldürildi we bu ýagdaý pitneçiler geňeşiniň derhal adatdan daşary ýygnak çagyrmagyna hem-de seperatistleriň Moskwadaky goldawçylarynyň gazaba münmegine getirdi.
Zaharçenkonyň ölümi gündogar Ukrainadaky seperatist resmileriniň we komandirleriniň arasynda bolýan zorlukly ölümleriň soňky mysaly bolup durýar.
Moskwadan goldaw alýan separatistler 2014-nji ýyldan bäri Kiýewdäki merkezi hökümete garşy uruşýarlar we bu söweş netijesinde 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi.
Kast ediş hüjümleriniň köpüsinde piteneçileriň öz ýoldaşlary günälendi. Donetst täzelikler agentliginiň öz websaýtynda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, 1976-njy ýylda Donetskde doglan we ozal kömür-magdan elektrigi bolup işlän, 42 ýaşyndaky Zaharçenko merkezi Donstskde bolan partlamada öldürildi. Partlamada onuň janpenasy hem heläk boldy.
Şeýle-de, bu partlamda ýene bir separatist şahsyýetiniň, Aleksandr Timofeýewiň agyr ýaraly bolandygy aýdylýar. “DHR-yň (Donetsk halk respublikasynyň) ýolbaşçysy terror hüjümi netijesinde öldi” diýip, AFP habar agentligi 1-nji sentýabrda Zaharçenkonyň sözçüsine salgylanyp habar berdi.
Rus habar gulluklary 31-nji awgust güni giçlik Timofeýewiň ýagdaýynyň kadalaşandygyny we indi janynyň howp astynda däldigini habar berdiler.