Rus resmileri Google-y saýlawlara “gatyşmazlyga” çagyrdy
Russiýanyň Federal Geňeşinde saýlaw resmileri, Baş prokuraturanyň we internet gözegçilik edarasynyň wekilleri duşuşyp, YouTube saýtynyň eýesi Google-a öz nägileliklerini bildirdiler.
Resmiler Nawalnynyň YouTube-da Russiýada “bikanun” diýilýän maglumatlary ýerleşdirýändigini öňe sürdüler. Şeýle-de, rus resmileri Google munuň öňüni almasa, onuň jogapkärçilige çekilip bilinjekdigini hem duýdurdylar.
Nawalny özüniň YouTube kanalynda 9-njy sentýabrda pensiýa reformalaryna garşy proteste çykmaga çagyrdy. Şol gün Moskwada we ýurduň beýleki sebitlerinde regional we ýerli emeldarlar saýlanmaly.