Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Май
2018

Новости за 03.05.2018

Azathabar.com 

Türkmen migrant zenany Kiprde ölüme sebäp bolmakda aýyplanýar

Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşygy bolmansoň, köne pasportly türkmen migrantlarynyň ýurtda ýaşaýyş ýa-da zähmet rugsady bilen işlemegini ýola goýan Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmenistanlylarbaradaky habarlar yzygiderli peýda bolýar.

Azathabar.com 

Türkmenistanly studentleriň ençemesi Orsýetde 'tölegsiz' okaýar

Orsýetde okaýan türkmenistanly studentleriň ençemesi öz ene-atalarynyň Türkmenistandan bank üsti bilen ugradan okuw töleglerine henizem garaşýarlar. Bu ýagdaýy okuw jaýlaryň resmileri hem tassyklaýarlar.   Orsýetiň birnäçe regionynda okaýan studentleriň sözlerine görä, Türkmenistandan bank üsti bilen fewralda we martyň başynda ugradylan pul şu güne çenli okuw jaýlaryň hasaplaryna gowuşmandyr. Читайте также на русском “Martyň ilkinji günlerinde iberilen pul şu günki güne çenli ýokary okuw jaýynyň hasabyna gelmändir” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ermenistandaky protestler säginýär, Respublika partiýasynyň pozisiýasy üýtgedi

Ermenistanda hökümet başyndaky Respublika partiýasy 8-nji maýda parlamentde geçiriljek saýlawlarda premýer-ministriň wezipesine Paşinianyň kandidaturasyny goldajakdygyny aýdansoň, ýurtda geçirilýän protestleriň ýolbaşçysy Nikol Paşinian üç hepdeden bäri dowam edýän demonstrasiýalarda säginmäge çagyrdy.

Azathabar.com 

Paşiniýan köçe protestlerini togtatmaga çagyrdy

Ermenistanyň protest lideri Nikol Paşiniýan, häkimiýet başyndaky Respbulikan partiýanyň ony 8-nji maýda premýer-ministri saýlamak boýunça geçiriljek ses berilişikde goldap biljekdigini ýaňzdandan soň, üç hepdeläp dowam edýän protestleri togtatmaga çagyrdy. 13-nji aprelden bäri protestlere ýolbaşçylyk eden oppozisiýa syýasatçysy Paşiniýan Respublikan partiýanyň pozisiýasyndaky üýtgeşmeleri gowy garşylady. Respublikan partiýanyň lideri Wahram Bagdasariýan 8-nji maýda geçiriljek ses berilişige partiýanyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenbaşyda täze port açyldy

Türkmenistanyň günbatarynda täze halkara deňiz porty açyldy. Türkmen resmileri 1,5 milliarda gurlan ýük we ýolagçy portunyň üsti bilen, ýurduň eksport mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýärler. Türkmenbaşy şäherinde açylan port ýurduň ýük daşamak mümkinçiligini üç esse artdyryp, ol ýylda 25-26 million tonna deň bolar. 20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre deň bolup, munuň özi bir wagtda birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegine, gitmegine hem-de olara hyzmat etmäge mümkinçilik berer diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Siriýada jeňçiler Russiýanyň hödürlän ylalaşygyny kabul etdiler

Siriýa jeňçileri Russiýanyň hödürlän ylalaşygy esasynda Homsuň töweregindäki ele geçirilen sebitlerinden yza çekilmäge razy bolandyklaryny yglan etdiler. Gürrüňi gidýän ylalaşyk 2-nji maýda yglan edilipdi. Siriýa resmileri we Hizbullah harbylary sebitde hökümetiň gözegçiliginiň ýola goýuljakdygyny we jeňçileriň özleriniň agyr ýaraglaryny tabşyrjakdyklaryny mälim etdiler. Ylalaşyga laýyklykda, jeňçilere siriýa hökümetine ygrarlygyny bildirmek mümkinçiligi berilýär. Razy bolmadyk jeňçileriň bolsa, sebiti 5-nji maýda terk etmegine garaşylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Belli täjik ýazyjysy we oppozisiýa wekili aradan çykdy

Meşhur täjik ýazyjysy we geçmişde belli oppozisiýa wekili bolan Bozor Sobir ABŞ-da 79 ýaşynda aradan çykdy. Sobirowyň aýaly – Gulçehra Sobir Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde onuň 1-nji maýda Seattlyň keselhanasynda öýken näsazlygy sebäpli aradan çykandygyny mälim etdi. Täjik prezidenti Emomali Rahmon diplomatlara Sobirowyň jesediniň Duşenbä getirilip, jaýlanmagy boýunça gerekli işleri geçirmegi tabşyrdy. Sobirowyň goşgulary 1970-80-njy ýyllarda, şol wagtky sowet Täjigistanynda uly meşhurlyga eýe bolupdy. Читать дальше...




Azathabar.com 

Çeçenistanda adam hukuklary aktiwisti sud edilýär

Çeçenistanyň Ýokary sudy adam hukuklary boýunça aktiwist Oýub Titiýewiň işine seredýär. Titiýew neşe aýyplamalary esasynda dört aý tussaglykda saklanlypdy. Onuň ýaranlary Titiýewe bildirilýän aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýarlar. 60 ýaşly Titiýew Russiýanyň adam hukuklaryny goraýan öňdebaryjy “Memorial” guramasynyň Çeçenistan boýunça edarasyna ýolbaşçylyk edýärdi. “Amnesty International” guramasy 2-nji maýda rus resmilerine ýüzlenip, Titiýewi “dessine we hiç hili şert goýmazdan” azat edilmegini sorady. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranda ýüze çykan ýer sarsmada 76 adam ýaralandy

Eýranyň günorta-günbataryndaky Sisakht şäherinde bolan ýer titremede azyndan 76 adam ýaralandy, şeýle-de sebitdäki elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň işinde bökdençlikler ýüze çykdy. 5,3 bal derejesindäki tebigy hadysa 2-nji maýda ir sagat 08:30-da boldy. Geçen noýabrda Eýranyň günbataryndaky Kermanşah welaýatynda 7,3 bal derejesinde ýüze çykan ýer sarsmasynda azyndan 620 adam heläk bolup, müňlerçe ýaşaýjy hem ýaralanypdy.


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus