Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Май
2018

Новости за 16.05.2018

Azathabar.com 

Aşgabatdaky 'ýaremezançylar'

Maý aýynyň 16-na Yslam äleminiň aglaba ýurtlarynda bolşy ýaly Türkmenistanda hem oraza başlandy. Muňa gabatlap, ýurduň köp ýerlerinde çagalar gapyma-gapy aýlanyp, "ýaremezan" aýdýarlar. Ýaşaýjylar "ýaremezançylara" süýji-köke, käte pul paýlaýarlar.

Azathabar.com 

Güýçli ýagyş zerarly türkmen paýtagtynyň merkezini suw aldy

Aşgabadyň häkimiýetleriniň we milli habar beriş serişdeleriniň bu tebigy ýagdaý we onuň netijeleri barada dymýan wagtynda Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna we sosial mediada peýda bolan wideo ýazgylara görä, birnäçe gün bäri dowam edýän ýagyşlaryň netijesinde Aşgabadyň birnäçe merkezi köçesini we onlarça binany suw alypdyr. “Güýçi ýagyş tas bir hepde bäri ýagýar. Edil häzir ýaganok, emma töwerekdäki daglaryň daşy bulutly görünýär, agşamara ýene ýagjaga meňzeýär. Düýn we öňňin örän güýçli ýagdy, toprak suwy çekip bilmän suw ýygnandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Merkel: Germaniýa Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygyny öz güýjünde saklap galýar

Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyny ýatyrmak ýalňyş bolardy diýip, 16-njy maýda nemes kansleri Angela Merkel aýtdy. Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň bu ylalaşykdan çykmagynyň ýakynda ýaýran “howsalaly habarlaryň” biri bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azathabar.com 

Orsýetde türmede saklanýan ukrain kinorežissýory açlyk yglan etdi

Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegine garşy çykyş eden we häzirki wagt Orsýetde türmede saklanýan ukrainaly kinorežissýor Oleh Sentsow rus tussaghanalarynda saklanýan ähli ukrain raýatlarynyň azatlyga goýberilmegini talap edip, açlyga başlaýandygyny yglan etdi. Sentsow öz eli bilen ýazyp, aklawçysy Dmitriý Dinze beren hatynda açlyga 14-nji maýda başlandygyny aýdýar. “Orsýetiň territoriýasyndaky ukrainaly ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagy – meniň muny soňlamagymyň ýeke-täk şertidir. Soňuna çenli bilelikde! Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanly studentler Orsýetde ekin meýdanlarynda işläp gazanç edýärler

Orsýetde okaýan türkmenistanly studentleriň arasynda maddy kynçylyklar sebäpli gazanç etmäge mejbur bolýanlaryň sany köpelýär. Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki habarçylarynyň sözlerine görä, şu günki gün Orsýetiň Astrahan regionynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly ýüzlerçe student oba hojalyk işleri üçin ekin meýdanlaryna çykdy. Читайте также на русском Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, ekin meýdanlaryndaky işler bu regionda okaýan türkmenistanly ýaşlar üçin elýeterli köp bolmadyk gazanç çeşmeleriniň biridir... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan hökümet güýçleri ‘Talybany’ Farah şäherinden gysyp çykardy

Owganystanyň hökümet güýçleri “Talybany” ýurduň Eýran bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän günbatar Farah welaýatynyň paýtagty Farah şäherinden gysyp çykardy diýip, owgan resmisi aýdýar. 16-njy maýda Farah welaýatynyň häkimi Abdul Basir Salangi Farah şäherindäki çaknyşyklarda “Talyban” toparynyň 300-den gowrak söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy. Şeýle-de, ol hökümet güýçleriniň 25 agzasynyň hem heläk bolandygyny belledi. Salangi ýaşaýjylaryň şäheri arassalamaga, şol sanda “Talyban” toparynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pariž: Bäş adamy pyçaklamakda aýyplanýan Azimowyň ene-atasy goýberildi

Geçen hepde Parižde bäş adamy pyçaklandygy aýdylandan soň, polisiýa tarapyndan atylyp öldürilen Hamzat Azimowyň ene-atasy iki gün tussaglykda saklanandan soň azatlyga goýberildi diýip, fransuz resmileri aýtdy. 15-nji maýda giçlik sud resmisi “häzirki tapgyrda 20 ýaşyndaky Azimowyň ejesi bilen kakasyny aýyplaýjy elementleriň ýoklugy” sebäpli, olaryň goýberilendigini aýtdy. Fransuz raýatlygyny alan Azimow Çeçenistanda doglandyr. Fransuz resmileri Azimowyň ejesiniň we kakasynyň şahsyýetini köpçülige mälim etmediler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin hökümetiň düzümini täzelemek baradaky permana gol goýdy

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hökümetiň düzümini täzelemek baradaky permana gol goýdy. Bu perman, 15-nji maýda Putin premýer-ministr Dmitriý Medwedew bilen duşuşandan soň çap edildi. Kremliň websaýtynda çap edilen permana görä, Bilim we ylym ministrligi iki aýry ministrliklere bölüner. Umumy bilim ministrligi – umumy bilim berýän mekdeplere we orta hünärment mekdeplerine gözegçilik eder. Ylym we ýokary bilim ministrligi – uniwersitetleriň we ylmy barlag institutlarynyň işlerini sazlaşdyrar. Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus