Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky kararyna Eýran gaharly reaksiýa görkezse, ýewropa hökümetleri bu möhüm geleşigi saklap galmaga synanyşýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene bir gezek hüjüm edilip, ol raýat eşigindäki adamlar tarapyndan saklandy.
Daşoguzyň merkezinde açylmagy ahmal bolan özbek dilinde bilim berýän mekdebe okuwçy saýlamak üçin sebitde mekdebe çenli we mekdep okuwçylaryny hasaba almak işleri geçirilýär. Hususan-da, özbek we gazak maşgalalarda hasaba alyş işleri göze ilýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi habar berdi.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ikinji Jahan Urşundaky ýeňşiň ýyl dönümi mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen harby paradyň öňüsyrasynda eden çykyşynda ABŞ-ny tankyt etdi. Putin “özüni aýratyn saýmagyň” nasist agressiýasyna getirendigini we bu howpuň şu günki gün global howpsuzlygyna wehim salýandygyny belledi. Öňki sowet ýurtlary 9-njy maý senesini dürli belleýärler. Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýeti agressor diýip atlandyryp, Kiýewiň orsýetçi separatistler bilen... Читать дальше...
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary ‘düýpli kemçilikler’ üçin işden boşadyldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Durdy Aşyrmämmedow işde goýberen “düýpli kemçilikler” üçin wezipesinden boşadyldy diýip, TDH döwlet täzelikler agentligi habar berdi. Resmi maglumata görä, döwlet resmisiniň işden çetleşdirilmegi hakynda permana Türkmenistanyň prezidenti 7-nji maýda gol çekipdir. Bir aýa golaý döwrüň dowamynda Türkmenistanda ýokary wezipeli resmileriň onlarçasy boşadyldy. Читать дальше...
Aşgabatda we Daşoguzda Coca-Cola kompaniýasyna degişli önümleriň gytalandygyny, olary diňe seýrek söwda nokatlarynda tapsa bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň bu şäherlerdäki habarçylary we çeşmeleri aýdýarlar.
Eýran ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyna gahar-gazaply reaksiýa bildirdi. Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy saklamagyň ugrunda tagalla edipdi. Eýranyň kanun çykaryjylary 9-njy maýda parlamentde “Amerika ölüm!” diýen şygarlary gygyryp, ABŞ-nyň baýdagy çekilen kagyzy otladylar. Parlamentiň spikeri Ali Larijani ylalaşygy gorap saklamagyň jogapkärçiliginiň ÝB-niň we ylalaşyga gol çeken beýleki... Читать дальше...
Nikol Paşinian Ermenistanyň täze premýer-ministri wezipesine saýlanmagynyň ertesi 9-njy maýda Daglyk Garabaga sapar etdi. Azerbaýjanda ýerleşýän regiona etnik ermeniler tarapyndan gözegçilik edilýär. Ermenistanyň liderleri adatça 9-njy maýda postsowet ýurtlarynyň ençemesiniň Germaniýanyň nasistik goşunlary üstündäki ýeňişi belleýän güni Daglyk Garabag regionyna sapar edýärler. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daglyk Garabag regionynyň üstündäki dawasy saklanyp galýar. Azerbaýjanyň territoriýasy... Читать дальше...
Owganystanyň paýtagtynda iki sany polisiýa bölümi janyndan geçen üç hüjümçiniň zarbalaryna sezewar boldy, diýip Owganystanyň içeri işleri ministrliginiň wekili aýtdy. Birinji hüjüm 9-njy maýda şäheriň günbatar böleginde boldy. Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Daneşiň sözlerine görä, şeýle-de, janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynyň yzýany geçirilen “arassalaýyş operasiýasynda” ok atyşyk bolupdyr. Daneş ýene iki sany hüjümçiniň şäheriň merkezindäki polisiýa bölümine zarba urandygyny aýtdy. Читать дальше...