Çeçenistanda adam hukuklary aktiwisti sud edilýär
60 ýaşly Titiýew Russiýanyň adam hukuklaryny goraýan öňdebaryjy “Memorial” guramasynyň Çeçenistan boýunça edarasyna ýolbaşçylyk edýärdi.
“Amnesty International” guramasy 2-nji maýda rus resmilerine ýüzlenip, Titiýewi “dessine we hiç hili şert goýmazdan” azat edilmegini sorady.
“Titiýew Çeçesinstada adam hukuk bozmalarynyň pidalaryna dowamly hemaýat berendigi üçin, häzir özüniň azatlygy bilen töleg töleýär” diýip, “Amnesty International” guramasynyň direktorynyň orunbasary Denis Kriwoşeýew aýtdy.
Titiýew 9-njy ýanwarda tussag edilipdi. Çeçen resmileri onuň ulagyndan neşe serişdeleriniň tapylandygyny öňe sürdüler.
Titiýew aýyplamalary ret etdi. Ol we onuň ýaranlary marihuana serişdeleriniň onuň ulagyna ýörite matlap bilen taşlanandygyny aýdýarlar.