Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2025
2
3
16
23
30

Новости за 25.08.2025

Azathabar.com 

Goşun gullugyndaky esgerler ene-atasynda azyk soraýar, harby ýolbaşçylary tarapyndan 'talanýar'

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde goşun gullugyny berjaý edýän raýatlar dürli eden-etdiliklere we bikanunçylyga sezewar bolýar. Azatlyga ýurduň dürli böleklerinde ýerleşýän birnäçe goşun bölümindäki ýagdaý mälim boldy. Türkmenistanyň harby bölümleriniň esgerleri açlyk sebäpli öýlerine jaň edip, yzlaryndan gelmeklerini ýa-da ofiserleriň telefonlaryna pul geçirmegi soraýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy 25-nji awgustda habar berdi. "Gündelik berilýän naharlary iýer ýaly däl, çöregiň ysyndan ýaňa ony iýip bolmaýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabat, Daşkent howa gatnawlaryny dikeltmekçi - metbugat

Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar diýip, türkmen metbugaty “Gazeta.uz” internet neşirine salgylanyp habar berýär. Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bu ylalaşyga 22-nji awgustda, Awazada geçirilen “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” sammitiniň çäklerinde gol çekipdir. Bu ylalaşyk ýakyn geljekde göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy üçin mümkinçilik döredýär, diýip Ilhom Mahkamow aýdypdyr.

Azathabar.com 

Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy Türkmenistanda we Özbegistanda nägilelik döretdi

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylarynyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgalyk şahyry Alyşir Nowaýynyň ýadygärligini dolulygyna sökmegi türkmen intelligensiýasynyň arasynda, şeýle-de ýerli özbek azlyklarynda uly nägilelik döretdi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Metbugat habarlaryna görä, Mazery-Şerif şäheriniň üçünji etrabyndaky telekommunikasiýa meýdançasynda ýerleşýän, 17 ýyl çemesi mundan öň gurlan ýadygärlik golaýda doly sökülip aýryldy. “The Times of Central Asia” neşiriniň ýazmagyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenabadyň agyz suw desgasynda näsazlyk ýüze çykdy, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi kesildi

Türkmenabat şäher suw arassalaýjy desgasynda 22-nji awgustda ýüze çykan näsazlyk şäherde suw üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy, ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşy bökdeldi diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki çeşmeleri habar berýär. “Şäherde suw üpjünçiligi kesilensoň, agyz suwuny satyn almaly bolýarys, hojalyk suwlarynyň üpjünçiligini bolsa, ýaplardan akýan suw bilen gidermäge çalyşýarys” diýip, birnäçe şäher ýaşaýjysy 23-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ýerli ýaşaýjylar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşoguzda duzly tupan turdy, ümürli howada ilat pagta ýygmaly boldy

Dasoguzda duzly we tozanly ýel tutup, ençeme ilatly ýeri we ekin meýdanlaryny örtdi. Birnäçe günläp saklanan duzly ümür ýerli ilatyň durmuşyny kynlaşdyrdy. Adatdan daşary tebigy şertlerde pagta meýdanlarynda işleýän ýygymçylar işini dowam etdirmäge mejbur edildi. 22-nji awgustda dörän güýçli ýel duz we tozan bölejiklerini getirdi. Duzly tupan üç güne çekdi. "Ýurduň demirgazyk welaýatynda anna güni gündiz howa garalyp, şemal turup, adamlary dem almagy kynlaşdy. Başda ýerli ilat tozanly, çägeli howa geçip, gider diýip oýladylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bilelikde kärhana döreder - metbugat

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen senagat, söwda-ykdysady, ulag hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda bilelikdäki kärhanalary döretmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ylalaşygyna geldi. Türkmen metbugaty bu kararyň 22-nji awgustda, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew hem-de Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan, “Awaza” milli... Читать дальше...

Azathabar.com 

Azerbaýjan 6 aýda 187 mln kub metr türkmen gazyny aldy

Şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjan Türkmenistandan 187 million kub metr tebigy gazy import etdi diýip, türkmen metbugaty azeri metbugatyna salgylanyp habar berýär. “Trend” agentliginiň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, satyn alnan türkmen gazynyň jemi bahasy $28 million ABŞ dollaryna deň boldy. Habarda bellenmegine görä, Azerbaýjan ýylyň birinji ýarymynda halkara bazarlaryndan 208,2 million kub metr gaz satyn aldy. Bu gazyň umumy bahasy $32 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Читать дальше...




Azathabar.com 

Kursk sebitiniň häkiminiň öňki orunbasary tussag edildi

Kursk sebitinde gubernatoryň orubasary wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Wladimir Bazarow tussag edildi diýip, sebit häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Aleksandr Hinşteýn habar berdi Onuň sözlerine görä, Bazarowyň Belgorod sebitinde işlän ýeri bilen baglanyşykly derňew işleri alnyp barylýar. Bazarow, şol bir wagtda, häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesini hem ýerine ýetirýärdi. TASS onuň Belgorodyň eteginde gurlan berkitmelere harçlanmaly 1 milliard rubly ogurlamakda güman edilýändigini ýazýar. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus