Şu ýyl ilkinji gezek okuwa barýan çagalardan okuw kitaplaryny öz hasabyna satyn alyp, mekdebe getirmek talap edildi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Tejeniň orta mekdeplerinde öňe sürlen bu talap barada habar berýärler. Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde we etraplarynda ýerleşýän orta mekdeplerde synp mugallymlary çagalaryň ene-atalaryna birinji synp üçin zerur kitaplaryň ýokdugy aýdyldy. "Şu ýyl birinji sentýabrdan birinji synpa barmaly çagalaryň hossarlaryna kitaplaryň ýokdugy aýdylýar. 'Eger eger çagaňyza bilim gerek bolsa... Читать дальше...
Türkmenistanyň raýatlarynyň Belarusyň üsti bilen Polşanyň, ýa-da Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýanyň serhetlerini bikanun kesip geçip, has amatly durmuşyň gözleginde Günbatar Ýewropa ýurtlaryna aşmaga çalyşmagy bilen bagly wakalar köpelýär.
Bişkek şäheriniň Oktyabrskiý etrap kazyýeti, öz janyna kast eden 25 ýaşly Aýturgan Mamatkulowanyň adamsyny bäş ýyl şertli tussaglyga höküm etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy kazyýetiň metbugat gullugyna salgylanyp ýazdy. Ol aýalyny öz janyna kast etmäge çenli baryp ýetirmekde günäkär tapyldy (Jenaýat kodeksiniň 128-nji maddasynyň 1-nji bölümi). 2-nji iýulda yglan edilen höküm diňe häzir mälim boldy. Aýturgan Mamatkulowa 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Bişkekdäki keselhanada aradan çykdy. Читать дальше...
Srpska Respublikasynyň (Bosniýa we Hersegowina düzümindäki özbaşdak gurama) premýer-ministri Radowan Wiskowiç işinden çekildi diýip, Azatlyk radiosynyň Balkan gullugy habar berdi. Wiškowiç Milorad Dodigiň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyz sosial demokratlar bileleşiginiň (SNSD) agzasy bolup, onuň işinden çekilmeginiň sebäpleri anyklaşdyrylmady. Radowan Wişkowiç indi täze hökümetiň saýlanjakdygyny we özüniň işden çekilmeginiň "Srpska respublikasynda has giň ylalaşyga gelmek üçin goşulan goşantdygyny" aýtdy. Читать дальше...
Balkan sebitinde daşary ýurtlarda işleýän ýakynlaryny, ene-atalaryny, ogul-gyzlaryny, doganlaryny, hamala, pul tapyjy gural hökmünde ulanýan adamlar, bozulýan maşgalalar baradaky aladalar güýçlenýär diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşme soňky wagtlarda bu hili ýagdaýlara köp şaýat bolýandygyny, toýda, märekede zähmet migrantlarynyň maşgala agzalary, aňyrda işleýän adamlaryň ykbaly barada barha kän gürrüň edilýändigini aýtdy. “Ýaşlaryň ömri daşary ýurtlarda... Читать дальше...
Balkan welaýatynda pagta ýygym kampaniýasy batlanýar. Pagta meýdanlarynda dynç günlerinde hem ýygymçy köp, olaryň ençemesi bu işe mejbury çekilen adamlar. Dynç günlerini pagta meýdanlarynda geçiren balkanlylar welaýatyň dürli býujet edaralarynyň işgärleri. Azatlygyň ýerli çeşmelerine görä, olaryň arasynda Balkanabat şäheriniň, Gumdag, Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynyň tas ähli býujet edaralarynyň işgärleri bolupdyr. Emma çeşmeler býujetçileriň bu oba hojalyk işlerine gatnaşmagynyň tertibiniň kesgitsiz galýandygyny belleýärler. Читать дальше...
Rýazan sebitindäki “Elastik” däri zawodynda bolan partlamada ölenleriň sany 20-ä ýetdi diýip, sebitdäki operasiýa merkezi habar berdi. 134 adam ejir çekdi, olaryň 31-si Rýazandaky we Moskwadaky keselhanalarda; 103 adam ambulatoriýa bejergisini alýar. Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 154 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Rýazan sebitiniň Şilowskiý etrabynda ýerleşýän “Elastik” zawodynyň däri sehinde dörän partlama 15-nji awgustda, irden boldy. Russiýa Federasiýasynyň Derňew komiteti... Читать дальше...