Ahal welaýatynyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda işgärleriň zähmet haklarynyň pes bolmagy zerarly, öz arzalary boýunça meýletin işden çykmaga çalyşýan mehanizatorlar ýolbaşçylar tarapyndan mejbury işde saklanýar.
Volodymyr Zelenskyy’s second Oval Office visit was cardinally different than the first. It wasn’t a disaster; Trump didn’t harangue Zelenskyy; Europeans made a show of support. But it also wasn't a decided victory. The ball now is in Putin’s court.
Balkan sebitiniň medeniýet işgärleriniň 27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna çenli öz synalaryna seredip, gelşikli, göze gelüwli bolmaklary talap edilýär diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär. Dilden berlen duýduryşa görä, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň aktýorlary, Balkan sebitiniň beýleki medeniýet öýleriniň işgärleri, tanymal bagşylar, aýdymçylar gysga wagtda horlanyp, garynlaryny aýyrmasalar, olaryň medeniýet ulgamyndan ‘çykarylyp kowulmagy’ mümkin. “Arkadagyň talaby we dilden beren tabşyrygy esasynda... Читать дальше...
2025-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda Türkmenistan Russiýadan 125 müň tonnadan gowrak oba hojalygy önümini import etdi, olaryň umumy bahasy 110 million dollardan gowrak diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” rus metbugatyna salgylanyp habar berýär. Oleoscop portalynyň 19-njy awgustda “Agroexport” federal merkezine salgylanyp ýazmagyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistana iberilýän önümleriň derejesi gymmaty boýunça 16% ýokarlandy. Russiýa Türkmenistana et-ýag, süýt-gatyk önümlerini... Читать дальше...
Balkanabatdaky ýöriteleşdirilen dil mekdeplerinde çagany kabul etmek üçin soralýan para geçen ýyla garanda esli azalypdyr. Rus dilinde bilim berýän mekdeplere birinji klasa okuwa salmak üçin bir çaga üçin soralýan paranyň möçberi şu ýyl 10 müň manat diýip, çeşmeler, bu nyrhyň geçen ýylkysyndan iki esseden has azdygyny belleýärler. Balkanyň bilim edaralaryndaky birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, soralýan paranyň azalmagyna ilat arasynda rus dilinde okatmaga islegleriň azalmagy, şeýle-de adamlaryň maddy ýagdaýynyň barha gowşamagy sebäp bolupdyr. Читать дальше...
Ahal welaýatynyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda işgärleriň zähmet haklarynyň pes bolmagy zerarly, öz arzalary boýunça meýletin işden çykmaga çalyşýan mehanizatorlar ýolbaşçylar tarapyndan mejbury işde saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji awgustda günorta welaýatdan maglumat berdi. “Häzir hojalyk eklemek üçin, azyndan 6 müň manat aýlyk gerek, bize 2 müň manat aýlyk töleýärler. Ol hiç zada ýetenok” diýip, bir mehanizator howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ysraýylyň Goranmak ministri Israel Katz Gaza şäherine ediljek hüjümiň meýilnamasyny tassyklady diýip, döwlet teleýaýlymy Kan, Ynet we “The Times of Israel” habar berýär. Bu operasiýa "Gideon II söweş arabalary" diýlip atlandyrylýar we ätiýaçlyga çykan esgerleriň mobilizlenmegine garaşylýar. “The Times of Israel”, howpsuzlyk gullugynyň çeşmelerine salgylanyp, ätiýaçlyga çykan esgerleriň takmynan 60,000 sanysynyň çagyryş buýruklaryny almalydygyny ýazýar. Israel Katz ätiýaçdaky esgerleri çagyrmakdan başga... Читать дальше...