11-nji awgustda ýurduň günorta sebitlerinde birnäçe ilatly ýer sil suwlaryndan ejir çekdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur we Garawul geňeşliklerinde ýagan çabgalarda käbir binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň zyýan çekendigini habar berýär.
Milli howpsuzlyk ministrligi emeli aňdan peýdalanmaga barha köp gyzyklanma bildirýän ýaşlara gözegçiligi güýçlendirýär diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 11-nji awgustda ýurduň esasan Ahal we Lebap welaýatlarynyň howpsuzlyk edaralarynda girişilen çäreler barada maglumat berdiler.
Russiýada ýaşaýan türkmen raýatlarynyň konsullyk hyzmatlaryna bolan talaby artýar, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanalarynda nobatlar döreýär. Ýüz tutýan türkmenistanlylaryň arasynda türkmen raýatlygyndan çykmak isleýänler hem az däl. Azatlygyň Russiýadaky çeşmeleri Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminde uly nobatlaryň emele gelendigini aýdyp, ýüz tutýan türkmenistanlylaryň Russiýada ýaşamak, işlemek we oturum almak üçin Türkmenistanda ýaşan wagtynda jenaýat jogapkärçiligine... Читать дальше...
Türkmenistanda agyr işsizlik şertlerinde iş ornuny ýitirmek gorkusy astynda saklanylýan raýatlara bikanun salgyt salynmagy nobatdaky pagta ýygymy möwsüminiň öňüsyrasynda ‘täze belentliklere’ çykarylýar diýip, ýerli synçylar we habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen býujet işgärleri habar berýär. Lebap welaýatyndaky habarçymyz bu ýylyň pagta ýygymyna taýýarlygyň göni, turuwbaşdan bikanun salgytdan, hakyna pagtaçy tutmak üçin pul tabşyrmak baradaky duýduryşlardan başlanandygyny aýtdy. Azatlygyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä... Читать дальше...
Russiýada gözegçilik astyndaky adamlaryň sanawyna girýän 91 müň gyrgyz raýaty 10-njy sentýabrdan soň ýurtdan çykarylyp bilner diýip, Daşary işler ministrliginiň 12-nji awgustda geçiren metbugat ýygnagynda aýdyldy. Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Bakyt Kadyrowyň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli Russiýada 352 müň gyrgyzystanly resmi taýdan hasaba alyndy. Maglumatlara görä, ilkibaşda Gyrgyzystanyň 70 müň raýaty hasaba alyndy. Iýul aýynda olaryň sany 103 müňe ýetdi... Читать дальше...
Daşoguzda bir toýa gatnaşan adamlaryň köpçülikleýin zäherlenmegi bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy. Görogly etrabynda 4-nji awgustda bolan bu pajygaly ýagdaý barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri käbir maglumatlary anykladylar. Görogly şäheriniň merkezinde ýerleşýän toýhanada geçen hepdäniň duşenbe güni öýlän geçirilen nika toýuna 500 çemesi adam gatnaşyp, olaryň tas ählisi özlerini erbet duýup, keselhana düşýär. "Toýda zäherlenme alamatlary bilen myhmanlaryň tas ählisi keselhana düşdi. Читать дальше...
11-nji awgustda ýurduň günorta sebitlerinde birnäçe ilatly ýer sil suwlaryndan ejir çekdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur we Garawul geňeşliklerinde ýagan çabgalarda käbir binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň zyýan çekendigini habar berýär. Sebitden gelip gowuşýan wideolarda daglyk sebitde ýerleşýän Nohur obasynda sil suwlarynyň joşup, köçeleriň ugry bilen aşaklygyna tarap akyşyny görmek bolýar. Ýollaryň kenarlarynda park edilen käbir iri ulaglar tas ýary biline çenli joşan suwuň aşagynda galýar. Читать дальше...